Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetde Sentsowy goldan protestçiler tussag edildi


Sankt-Peterburg, protestci gyz. Arhiw suraty
Sankt-Peterburg, protestci gyz. Arhiw suraty

Sankt-Peterburgda Dünýä futbol çempionaty stadionynyň daş işiginde gana boýalan köýnek geýip, protest gurnan dört adamyň arasynda bir ýaş gyz hem tussag edildi, ol ýurduň problemalaryna ünsi çekmekçi bolandygyny aýtdy diýip, “Roýters” habar berdi.

"Biz daşary ýurtlulara näme görkezeňde-de, içerdäki zatlaryň gowy we owadan däldigine ünsi çekmek isledik” diýip, 16 ýaşyndaky Lika Petrowskaýa 3-nji iýulda “Roýterse” aýtdy.

Orsýet dünýäniň iň bir abraýly futbol ýaryşyna beýemçilik etmek bilen, dabaralar mahalynda özüni mümkin boldugyça gowy görkezmek tagallalaryny etdi we olara gatnaşyjylaryň käbiri häkimiýetleriň mylakatlylygyna geň galdy.

"Her näçe gowy zatlar görkezilse-de, Orsýetdäki adamlar şindi hem ejir çekýär” diýip, Petrowskaýa aýtdy.

OVD-Info, tussag etmelere gözegçilik edýän adam hukuklary guramasy ýene üç adamyň, şol sanda iki sany kämillik ýaşyna ýetmedik ptotestçiniň Petrowskaýa bilen 3-nji iýulda, stadionyň daşynda tussag edilendigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG