Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Žurnalistleri goraýan komitet Orsýeti maglumat akymynyň ýoluny baglamakda tankytlaýar


Žurnalistleri goraýan komitetiň (CPJ) logosy

Orsýetiň käbir žurnalistleri we bloggerleri daşary ýurt agentleri hökmünde belgilemek çäresi häkimiýetleriň maglumatlaryň erkin akmagyna garşy alyp barýan “sistemalaýyn syýasatynyň” soňky ädimleriniň biridir diýip, Žurnalistleri goraýan komitet aýdýar.

Düýbi Nýu-Ýorkda ýerleşýän guramanyň 3-nji iýuldaky beýanatynda häkimiýetleriň “ugruny üýtgetmegine” we rus raýatlaryna “giň gerimli çeşmelerden” maglumat we pikir almaga rugsat berilmegine çagyrylýar.

Şol gün irden Döwlet dumasynyň, parlamentiň aşaky palatasynyň maglumat we aragatnaşyk komiteti häkimiýetlere Adalat ministrligi tarapyndan daşary ýurt agentleri diýlip kesgitlenen metbugat neşirleri üçin işleýän adamlary daşary ýurt agentleri diýip belgilemäge rugsat bermek baradaky kanun düzedişleriniň taslamasyny tassyklady.

Teklip edilýän kanun ýyllyk auditden-barlagdan geçýän adamlaryň iki ýyldan bir gezek öz edýän işleri hakynda hasabat bermegini talap edýär we olaryň öndüren önümleriniň ählisine “daşary ýurt agenti” diýip bellik goýmagy talap edýär diýip, habarlarda aýdylýar.

XS
SM
MD
LG