Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Semiz adamlar çilime has köp ýykgyn edýärler


Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty

Genetika taýdan semregen adamlaryň çilimkeşlige has köp gönükmek endiginde bolýandygy bildirilýär. Şonuň üçin hem olar adata görä orta derejäniň üstünde çilimkeşligi endik edinýärler. BMG-nyň alymlary bu ugurda geçiren barlagyny golaýda halk köpçüligine ýetiripdir.

Bütindünýä rak barlagy gullugyndan (IARC) Dr. Paul Brennan ylmy barlagda 70 töweregi tapawutly geniň derňelendigini bildirýär. Bu gulluk Bütindünýä saglyk guramasyna degişlidir we rak kesekiniň sebäpleri bilen onuň öňüniň alynmagy barada ylmy barlaglar geçirýär.

Britaniýanyň saglygy saklaýyş žurnalynda çap edilen ylmy barlaga görä, bedeniň agyrlyk ölçeginiň (BMI), bedeniň semizligi we hat-da biliň daş töweregindäki ýaglar "çikimkeşlik endigi we onuň aşalyk howpy" bilen gönümel arabaglanşyklydyr.

Çilimi taşlamaga kömek edip biler

“Semizligiň genetiki sebäplerine esaslanýan bu ylmy barlag bize semizlik bilen çilimkeşligiň arasyndaky arabaglanşyga has gowy düşünmäge kömek edýär" diýip, barlagyň awtorlaryndan bolan Dr. Brennan aýdýar.

Onuň sözlerine görä, bu arabaglanşygy has takyk seljermek adamlara çilimi taşlamagynda has peýdaly bolup biler.

Bütindünýä saglyk guramasy her ýyl çilimden 7 milliondan köp adamyň ölýändigini bildirýär.

Beýleki tarapdan ýene bir geň ýagdaý bar ol hem çilim çekýänler çekmeýänlerden has hor bolýar. Munuň sebäbi bolsa çilimkeşiň işdäsiniň azalýandygy bilen arabaglanşyklydyr. Şonuň üçin hem çilimi taşlanlar derrew semremäge başlaýarlar.

“Emma aşa çilim çekenler has semiz bolýarlar" diýip, IARC bildirýär.

IARC-ň müdiri Kristofer Wild bolsa "Çilimkeşligiň öňüniň alynmagy dünýädäki rak, ýürek-damar we süýji kesel ýaly ýokanç keselleri azaltmak üçin örän wajypdyr" diýýär.

Ol şol bir wagtyň özünde semizligiň hroniki keselleriň öňüniň alynmagyndaky tilsimleriň öňüni çekýändigini hem aýratyn belleýär.

XS
SM
MD
LG