Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Iki pasylda ekilip, bir pasylda guradylýan baglaryň resmi däl kyssasy


Aşgabat. Bag ekýän işçiler.
Aşgabat. Bag ekýän işçiler.

Türkmenistanda soňky onýyllyklarda ýurdy bag-bossançylyga öwürmek syýasatynyň çäginde her ýyl millionlap agaç nahallary oturdylýar.

Emma ýerli synçylaryň käbiri bu işde bag ösdürip ýetişdirmekden zaýaçylygyň, halka we döwlete ýetirilýän ykdysady zyýanyň has uludygyny, sebäbi her ýylda iki gezek millionblap dollara satyn alynýan agaç nahallarynyň köp böleginiň gurap galýandygyny aýdýarlar.

Şu wagt, tomsuň jöwzaly günleri iki pasylda ekilýän agaç nahallarynyň esasy guradylýan pasly hasaplanýar. Emma bu pasylda her ýyl gaýtalanýan zaýaçylyk, ykdysady ýitgi barada hökümet mejlislerinde-de, resmi metbugatda-da kän anyk gürüň edilmeýär.

Azatlyk radiosy bu ýagdaý bilen gyzyklanyp, aşgabatly ýazyjy Amanmyrat Bugaýew bilen söhbetdeş boldy.

Türkmenistanyň iki pasylda ekilip, bir pasylda guradylýan baglary
please wait

No media source currently available

0:00 0:04:27 0:00

XS
SM
MD
LG