Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Britan resmisi iki raýatyň 'nowiçok' bilen zäherlenendigini aýdýar


Amesbury, iki adamyň huşsuz tapylan jaýynyň öňünde duran ofiser. 4-nji iýul, 2018

Britaniýanyň agyr hassalan iki raýatynyň “nowiçok” bilen zäherleneidig ýüze çykaryldy, olar mart aýynda zäherlenen rus içalysynyň we onuň gyzynyň zäherlenen nerw agenti bilen zäherlendi diýip, Britaniýanyň terrora garşy ýokary derejeli resmisi aýtdy.

Neil Basu 4-nji iýul güni giçlik günortadaky Amesbury şäherinde žurnalistlere geçirilen barlaglaryň 44 ýaşyndaky aýal bilen 45 ýaşyndaky erkegiň “nowiçok” bilen zäherlenendigini ýüze çykarandygyny aýtdy.

Bu jübüt 30-injy iýunda Amesbury şäherindäki jaýlarynda huşsuz tapylandan soň hassahana ýerleşdirildi. Bu şäher Salisburydan, ozalky rus agenti, iki tarapa hem işlän Sergeý Skripalyň we onuň gyzy Ýulianyň mart aýynda zäherlenen şäherinden 11 km uzaklykda ýerleşýär.

XS
SM
MD
LG