Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezident Berdimuhamedow agtygy bilen Tatarystana baryp, Kazanda futbol ýaryşyna tomaşa etdi


Türkmen prezidentiniň tomaşa eden futbol ýaryşy. Kazan, 6-njy iýul, 2018.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 6-njy iýulda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş saparyna bardy.

Türkmen prezidenti howa menzilinden tatar kärdeşi Rustam Minnihanow bilen Kazanyň merkezinde ýerleşýän “Ideýa” tehnoparkyna bardy we Tatarystanyň senagat mümkinçiliklerine bagyşlanan sergini synlady, soňra Kazan Kremlinde gepleşikleri geçirildi diýip, TDH we tatar mediasy habar berýär.

Şeýle-de taraplaryň duşuşygyň barşynda özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri, ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek barada maslahat edendikleri habar berilýär.

Tatar metbugaty Tatarystanda iki müňden gowrak türkmenistanly studentiň okaýandygyny, prezident G.Berdimuhamedowyň "Biz "KAMAZ" maşynlaryndan hiç wagt ýüz öwürmedik we ýüz öwürmeris" diýendigini habar berýär.

Emma TDH "sport ulgamy hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi" diýip ýazýar.

Duşuşygyň ahyrynda prezidentler Türkmenistan bilen Tatarystan Respublikasynyň däp bolan dostlukly netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna ygrarlydyklaryny ýene bir gezek tassykladylar.

Soňra türkmen we tatar prezidentleri “Kazan-Arena” stadionyna baryp, 2018-nji ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň dörtden bir final duşuşygyna - Braziliýanyň we Belgiýanyň ýygyndy komandalarynyň oýnuna bilelikde tomaşa etdiler.

TDH Berdimuhamedowyň ýanynda agtygy Kerimgulynyň hem bolandygyny habar berýär.

Prezident Berdimuhamedow oýun gutarandan soň Türkmenistana (Türkmenbaşy şäherine) dolandy.

TDH bu saparyň Tatarystanyň prezidentiniň çakylygy esasynda amala aşyrylandygyny habar berýär.

XS
SM
MD
LG