Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pompeo Demirgazyk Koreýa gepleşikleriniň “netijeli” bolandygyny aýdýar


ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo Demirgazyk Koreýanyň ýokary derejeli resmisi Kim Ýong Çol bilen gürleşýär. 6-njy iýul, 2018.
ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo Demirgazyk Koreýanyň ýokary derejeli resmisi Kim Ýong Çol bilen gürleşýär. 6-njy iýul, 2018.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo Phenýanda Demirgazyk Koreýanyň ýadro ýaraglaryndan saplanmagynyň wagtyny kesgitlemek boýunça geçirilen iki günlük gepleşikleriň “netijeli” bolandygyny aýtdy.

Pompeo Demirgazyk Koreýanyň ýokary derejeli resmisi Kim Ýong Çol bilen “gowy ynanyşmak ýagdaýynda” geçirilen gepleşikleriň käbir ugurlarda “örän uly öňegidişlik” döredendigini belledi.

"Meniň pikirimçe, biz öz ara alyp maslahatlaşan meselelerimiziň her bir elementinde progres gazandyk” diýip, döwlet sekretary Tokiýo tarap uçanda aýtdy.

Ýöne ol “entek başga ugurlarda hem edilmeli işleriň köpdügini” belledi we ol işleriň aglaba böleginiň, iki tarapyň aýratynlykdaky meseleleri çözmegi üçin, işçi toparlar tarapyndan amala aşyrylmalydygyny nygtady.

Pompeo Demirgazyk Koreýanyň resmileriniň 12-nji iýulda ýa şol töwerekde Demirgazyk bilen Günorta Koreýanyň arasyndaky serhetde Pentagon topary bilen duşuşyp, Koreýa urşy döwründe öldürilen amerikan esgerleriniň galyndylaryny olaryň watanyna gowşurmagy maslahatlaşjagyny hem sözüne goşdy.

XS
SM
MD
LG