Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pompeo Demirgazyk Koreýanyň tankydyna sanksiýalaryň ornunda galjakdygy bilen jogap berdi


ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo ýaponiýaly we günorta koreýaly kärdeşleri bilen metbugat ýygnagyny berýär. Tokio, 8-nji iýul, 2018.
ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo ýaponiýaly we günorta koreýaly kärdeşleri bilen metbugat ýygnagyny berýär. Tokio, 8-nji iýul, 2018.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo Demirgazyk Koreýanyň “garakçylara mahsus” gylykda aýyplamasyna egnini ýygyrdy we Phenýan lider Kim Jong Unyň öz ýadro ýaraglaryndan saplanmak barada beren wadalaryna eýerýänçä sanksiýalaryň öz ornunda galjakdygyny aýtdy.

"Başlyk Kim [Jong Un] bilen ylalaşylyşy ýaly, ýadro ýaraglaryndan gutarnykly, tassyklap bolýan derejede saplanylýança, sanksiýalar öz ornunda galar” diýip, Pompeo 8-nji iýulda, Tokioda ýaponiýaly we günorta koreýaly kärdeşleri bilen geçiren gepleşiklerinden soň aýtdy.

Pompeonyň Phenýana eden saparyndan soň, Demirgazyk Koreýa Birleşen Ştatlary, özüni ýadro ýaraglaryndan el çekmäge mejbur etmek üçin, “garakçylara mahsus” talaplary etmekde aýyplady.

Resmi KCNA habar gullugynyň maglumatyna görä, "ABŞ tarapy ýadro ýaraglaryndan saplanmak babatda diňe öz birtaraply we garakçylara mahsus talaby bilen geldi” diýip, Demirgazyk Koreýanyň Daşary işler ministrliginiň sözçüsi 7-nji iýulda aýtdy.

Demirgazyk Koreýa biraz öň ýaponiýaly we günorta koreýaly kärdeşleri bilen duşuşmak üçin Phenýandan Tokio uçan Pompeo bilen geçirilen gepleşiklerde Waşingtonyň, öz sözleri bilen aýdylanda,“gynançly” çemeleşmesini tankyt etdi.

Bu sözler Pompeonyň Demirgazyk Koreýanyň uly derejeli resmileri bilen gepleşik mahalynda iki tarapyň “esasy meseleleriň tas ählisinde” progres gazanandygy barada aýdan sözlerine ters gelýär.

Demirgazyk Koreýanyň Daşary işler ministrliginiň sözçüsi Pompeonyň delegasiýasynyň bir taraply, doly, barlap bolýan we dolanuwsyz ýagdaýda ýadro ýaraglaryndan saplanmagy talap edip, aýak depenliginden zeýrendi.

XS
SM
MD
LG