Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Lebapda käbir kärendeçileriň dökün hakyndan kesilýär


Lebaply kärendeçi. Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty.

Türkmenistanda oba hojalyk işleriniň gyzgalaňly dowam edýän häzirki döwründe Lebap welaýatyndaky "Türkmenhimýa“ paýdarlar jemgyýetiniň etraplardaky daýhan birleşikleriniň käbir karendeçilerine berilýän dökünleriň ujundan tutup galýandygy, ýagny olara döwlet tarapyndan bellenen mukdarda dökün bermeýändigi öňe sürülýär.

Howpsuzlyk sebäpli adynyň efirde agzalmazlygyny sorap Azatlyk Radiosyna maglumat beren Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň Lebap daýhan birleşiginiň käbir kärendeçileriniň aýtmagyna görä, welaýatyň oba hojalyk pudagyna hyzmat berýän "Türkmenhimýa“ dökün paýdarlar jemgyýetiniň işgärleri her 100 kilogram dökünden 10 kilogram tutup galýarlar.

"Daýhanlara berilmeli dökünleriň ujundan näme üçin kesilýändigi barada resmiler hiç hili düşündiriş bermeýärler. Ýöne, doküni alan mahalyň hamala berilmeli mukdaryň “hemmesi kabul edilen görnüşde“ gol çekmäge mejbur edýärler. Ýagny, resminamada daýhanlardan kesilýän döküniň mukdary hiç hili görkezilmeýär. Dökün paýlaýan resmi düşündiriş isleýän kärendeçilere "Alsaňyz-a ynha dökün, almasaňyzam şujagaz hem ýok, özüňiz bilersiňiz” diýip, jogap berýär. Daýhanlaryň hakyndan kesilýän dökünleri soň resmiler käbir kärendeçilere bazar nyrhyndan ogrynça satýarlar. Häzir Lebap daýhan birleşiginde dökün barada ynha şeýle biznes ýöreýär” diýip, Saýat etrabynyň Lebap daýhan birleşiginiň käbir daýhanlary Azatlyk Radiosyna gürrüň berýär.

"Bugdaýdan soň, şaly ekilmeli meýdanlara hem dökün gerek bolýar. Resmiler biziň hakymyzdan her 100 kilogramdan 10 kg görnüşinde kesip alan şol dökünini ýene gaýtadan bize döwlet nyrhyndan iki-üç esse gymmada satyp peýda görýärler. Üstesine-de Lebap daýhan birleşiginde bolup durýan bu peýdakeşige nägilelik bildirýän kärendeçilere soň resmiler şaly ekmäge ýer bermeýärler. Olar başga geňeşliklerden öz ýaranlaryny getirip, şolara şaly ekmäge 10, 15 we 20 gektar möçberinde ýer berýärler. Şeýlelik-de resmiler dökün hakymyzdan bolşy ýaly şaly ekmäge kärende ýer almak hakymdan hem bizi mahrum edýärler” diýip, Saýat etrabynyň Lebap daýhan birleşiginiň käbir kärendeçileri Azatlyk Radiosyna maglumat berýärler.

Gepiň gerdişine görä ýatlamaly bolsa, mundan owal Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeş bolan käbir kärendeçiler, Lebäp we Daşoguz welaýatlarynda daýhanlaryň oba hojalyk önümlerini ösdürip ýetişdirmekde döwletden zerur kömegi wagtynda alyp bilmeýändigini habar beripdi.

Iýun aýynyň başynda bolsa, ýurduň mejlisi "Oba hojalygyny ösdürmegi döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek hakynda“ Türkmenistanyň kanunynyň taslamasyny maslahat etdi.

Sözi jemlesek, Azatlyk Radiosynyň ähli synanşygyna garamazdan ýokarda agzalýan ýagdaýlar barasynda degişli resmilerden nähildir bir kommentariýa almak başartmady.

Teswirleri gör (1)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG