Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

‘Eurasianet’ hepdelik ‘Türkmenistan çaparyny’ çap edýär, onuň soňky sany baş maşgaladan söz açýar


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow (ortada) ogly Serdar (çepde) we agtygy Kerimguly (sagda) bilen
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow (ortada) ogly Serdar (çepde) we agtygy Kerimguly (sagda) bilen

Husasan-da Günorta Kawkazda we Merkezi Aziýada bolup geçýän wakalara ünsi çekýän Eurasianet.org saýty eýýäm iki aýdan gowrak wagt bäri hepdäniň her sişenbe günleri “Ahal-Teke: Türkmenistan çapary” ady bilen Türkmenistanda bolup geçýän täzeliklerden hepdelik habarlar ýygyndysyny taýýarlaýar.

Esasan “Hepdäniň jemi” häsiýetli çap edilýän “Ahal Teke” maglumat býulleteninde Türkmenistanyň döwlet habar agentliginde (“TDH”), Azatlyk Radiosynda, “Türkmenistanyň alternatiw habarlary” proýektinde, “Türkmenistanyň hronikasy” saýtynda we beýleki habar çeşmelerinde hepdäniň dowamynda Türkmenistan barada çap edilen habarlar hepdelik jem edilip, okyjylara ýetirilýär.

Çap edilýän makalalaryň dil çeperçiligi, aýratyn-da olaryň atlary köplenç halatda okyjylaryň ünsüni özüne çekýän çemeli.

“Ahal Teke” maglumat çaparynyň iň soňky habarlar ýygyndysy “Maşgalany özüňe golaý tut, halky has golaý!” diýip atlandyrylýar. Bu sözbaşy “Dostuňy özüňe golaý tut, duşmanyňy has golaý!” diýen nakyly ýada salýar. Onda türkmen prezidentiniň ogly, şol sanda daşary işler ministriniň orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň halkara guramalaryň ýokary derejeli resmileri bilen geçiren duşuşyklaryna ünsi çekilýär.

“Adaty halkdan tapawutlylykda, ýurduň baş maşgalasy bu günler halkara saparlara başagaý” diýip, hepdelik habarlar ýygyndysyna girişilýär.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň websaýtynda Serdar Berdimuhamedowyň Wenada 48 sagadyň dowamynda halkara guramalaryň ýokary derejeli resmileri, şol sanda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň baş sekretary, şeýle-de Birleşen Milletler Guramasynyň baş sekretarynyň orunbasary bilen duşuşandygy habar berildi. “Ahal Teke” Türkmenistanyň daşary işler ministrliginiň saýtyna salgylanyp, ýaş Berdimuhamedowyň Wenadan soňky iki güni Ženewada geçirendigini, onuň BMG-niň resmileri bilen we beýleki halkara guramalaryň wekilleri bilen diplomatiki konsultasiýalary geçirendigini belleýär.

Halkara synçylar Serdar Berdimuhamedowa mirasdüşer hökmünde garalýandygyna ünsi çekýärler. Ol hususan-da soňky iki ýylyň dowamynda ýurduň syýasy sahnasynda has işjeň rol oýnap başlady; ýeri gelende mejlise deputatlyga saýlandy, ýeri gelende ministriň orunbasary wezipesine bellendi. Ol maý aýynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna girýän döwletleriň Transport we aragatnaşyk ministrleriniň gatnaşmagynda Awazada geçirilen ýygnakda iňlis dilinde çykyş etdi we bu çykyş döwlet telewideniýesinde görkezildi.

Eurasianet.org-yň “Ahal Teke çapary” türkmen prezidentiniň agtygy Kerimguly bilen Tatarystana sapar edip, Kazanda Dünýä çempionatynyň bir oýnuna tomaşa etmäge gatnaşandygyny, ýokary derejeli türkmen-tatar duşuşyklarynda beýleki meseleler bilen bir hatarda bilim pudagynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň ara alnyp maslahatlaşylandygyny agzap geçýär. Şol sanda, Tatarystanda maliýe kynçylyklaryndan ejir çekýän türkmenistanly talyplaryň ýagdaýlaryna ünsi çekilýär.

Gürrüňi gidýän habarlar ýygyndysynda Türkmenistanyň adyna nemes banklarynda saklanýan eýeleri nämälim 23 milliard dollar barada The Economist gazetiniň çap eden makalasy hakda gürrüň edilýär.

Maglumatda agzalýan pullaryň “Deutsche Bankda” saklanýandygy barada öňe sürülýän gürrüňlere, olary ol ýere Berdimuhamedowdan öňki prezident Saparmyrat Nyýazowyň goýandygy hakda öňe sürülýän şübheli çaklamalara orun berilýär.

“Ahal Teke” habarlar ýygyndysynyň mundan ozalky sanlarynda “Türkmenistanda ýaranjaňlyk sungaty”, “Men gitsem ýurtda kynçylyk bolar, men galsam kynçylyk goşalanar”, “Türkmenistanyň aýdýany bir zat, edýäni başga zat” atly hepdelik habarlar ýygyndylary we beýleki makalalar okyjylara ýetirilipdi.

XS
SM
MD
LG