Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azerbaýjanda ofiserleri öldürmekde güman edilýän tutuldy, protestçiler dargadyldy


Alyýewiň kömeçksisi Aly Hasanow
Alyýewiň kömeçksisi Aly Hasanow

Ýokary derejeli hökümet resmisiniň ýurduň “durnuksyzlaşdyrylmak synanyşygyna” garşy duýduryş bermegi bilen, Azerbaýjanyň polisiýasy protest mahalynda iki polisiýa ofiseriniň pyçaklanyp öldürilmeginde güman edilýän iki adamyň birini tussag etdi.

Azerbaýjanyň Içeri işler ministrligi 11-nji iýulda güman edilýän ikinji adamyň hem gözlenilýändigini aýtdy. Ol iki adam 10-njy iýulda giçlik Genje şäherinde ýerli adminstrasiýanyň daş işiginde 200 çemesi demonstranta garşy durýan polisiýa güýçleriniň iki sany ýokary derejeli ofiserini pyçaklap öldürmekde güman edilýär.

Polisiýa prezident Ylham Alyýewiň daşary ýurda sapar edýän wagty gurnalan demonstrasiýa gatnaşan 40 adamy tussag edip, protesti dargatdy.

Alyýewiň kömeçksisi Aly Hasanow şondan soň ýurduň “dunuksylaşdyryljak bolmagyna” garşy duýduryş berdi we günäkärleriň temmisini aljakdygyny aýtdy.

Azerbaýjanyň mediasy protestiň Genjäniň häkimi Elmar Alyýewe hüjüm etmekde aýyplanyp tussag edilen adam sebäpli gurnalandygyny aýtdy.

Waliýew we onuň janpenasy geçen hepde tüpeňlenip, hassahana ýerleşdirildi.

Polisiýa ol adamy agdarylyşyk planlaşdyrýan ekstremist atlandyrsa, müňlerçe adam ony internetde “milli gahryman” atlandyrdy.

XS
SM
MD
LG