Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gidýän we gelýän migrantlar Türkmenistandaky çäklendirmeleriň dowam edýändigini aýdýarlar


Aşgabat. Hlakara uçar menzili. Arhiw suraty

Häkimýetleriň Türkmenistanda daşary ýurtlardaky köne pasportly migrantlar yzyna dolananda "geçirimlilik" ediljegi we Migrasiýa gullugynyň başlygynyň bolsa öz işgärlerinden gelýän hem gidýän raýatlara "düzüw çemeleşmegi" talap edendigi barada çykan habarlara garamazdan, ýurtda ozalky düzgünleriň dowam edýändigi habar berilýär.

Azatlyk Radiosynyň redaksiýasyna gelip-gowuşýan maglumatlarda şeýle gep-gürrüňlere bil baglap daşary ýurda çykmak isleýän ýa-da ýurda dolanan migrantlaryň hereket azatlygyndan mahrum edilýändigi öňe sürülýär.

Azatlyk Radiosy "Dünýä türkmenleri" gepleşiginiň bu sanyny daşary ýurda goýberilmeýän we ýurda dolanandan soň dürli problemalara duş gelýän migrantlaryň başdan geçirýän ýagdaýlaryna gönükdirýär.

Gepleşigi diňläp, bu ugurdaky tejribeleriňizi we teswirleriňizi aşakdaky forumda paýlaşyp bilersiňiz.

Gidýän we gelýän migrantlar Türkmenistandaky çäklendirmeleriň dowam edýändigini aýdýarlar
please wait

No media source currently available

0:00 0:09:59 0:00


Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG