Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Stambulda türkmen konsullygyna işi düşüp baranlaryň soraga çekilýändigi aýdylýar


Türkmenistanyň Stambuldaky konsulhanasy.
Türkmenistanyň Stambuldaky konsulhanasy.

Türkiýede ýaşaýyş ýa-da zähmet rugsadyny almak isleýän käbir türkmen migrantlarynyň Türkmenistanyň Stambuldaky konsullygyna sud işiniň bolup, bolmandygy barada resminama almaga baranda ol ýerde berk soraga çekilýändigi habar berilýär.

Howpsuzlyk sebäpli adynyň efirde tutulmazlygyny sorap, Azatlyk Radiosy bilen Stambuldan habarlaşan käbir türkmen zähmet migrantlary, konsullygyň işgärleriniň ol ýere resminama üçin ýüz tutmaga baranlary diňe bir soraga çekmän, şol bir wagtyň özünde olara psihologiki basyş hem edýändigini aýdýarlar.

"Türkmenistanda eklenç ýagdaýy juda ýaramazlaşansoň üç aý mundan owal Stambula işlemäge geldim. Stambulyň Migrasiýa edarasy türkmen migrantlarynyň öz ýurdunda sud edilip, edilmändigi baradaky resminamany owal Türkiýäniň kazyýetinden getirmegini isleýärdi. Häzir bolsa soňky üç aýdan bäri ol resminamany konsullygyň üsti bilen öz ýurduňdan getirtmegiňi soraýar. Men hem ähli dokumentlerimi migrasiýa edarasyna tabşyryp, soň Türkmenistanyň Stambuldaky konsullygyna ýüz tutmaga bardym. Konsullyk öz ýurdundan şeýle resminamany soraýanlardan 9 amerikan dollary möçberinde döwlet tölegini alýar we ol puly gidip, konsullygyň bank hasabyna geçirmeli“ diýen Azatlyk Radiosy bilen Stambuldan habarlaşan türkmen zähmet migrantlarynyň biri bolan zenan, soň sözleriniň üstüni şeýle ýetirýär:

"Bankdan tölegiň hatyny eltip konsullyga bereniňden soň bir adam başga bir otaga salyp seni sorag edýär. "Soraglara dogry jogap bermeseň, gerek bolan dokumenti alyp bilmersiň we barybir biz seniň barada ähli maglumaty bilýäris. Türkiýä haçan we näme üçin geldiň? Türkmenistanda owal nirede we nähili işlerde işlediň? Maşgalaň aňyrda näme iş edýär? Bärde kimler bilen gatnaşyk saklaýarsyň?“diýip, şahsy maglumatlaryňy çintgiläp öwrenýär. Ahyrynda bolsa "Wiý, bäh, sen sosial mediada Türkmenistany garalap, prezidenti hem tankyt edýäň ekeniň? Baý, bow, sen haýsy ýurda işleýäň beýle, seniň maksadyň näme?“diýip, ýaňky adam konsullykda maňa töhmet alyp, psihologiki basyş etdi. Men hem internetden başym çykmaýandygy üçin sosial medianyň nämediginem bilmeýändigimi aýtsam "Ýeri, bolýar, bar onda, gowja gez“ diýip, kabinetden çykaryp goýberdi. Soň konsullykdan gaýdyşyn özüm ýaly birnäçe türkmenistanly zähmet migranty bilen gürrüňdeş bolanymda, olar hem özleriniň soraga çekilip, dürli töhmetler bilen psihologik ýagdaýynyň barlanandygyny aýtdylar“ diýip, Azatlyk Radiosyna anonim ýagdaýda maglumat beren Stambuldaky türkmen zähmet migrantlaryndan biri bolan zenan gürrüň berýär.

"Men özüm üçin we obadaşlarym üçin birnäçe gezek türkmen konsullygyna resminama soramaga baranymyzda ol ýerde azyndan elli töweregi migrantyň garaşyp durandygyny gördük. "Sud edilip edilmändigiň baradaky resminama 45 güniň dowamynda Türkmenistandan geler, ýöne gel bäri biraz seniň bilen "gybatlaşaly“ diýip, konsullygyň bir işgäri meni aýratyn bir otaga salyp, gaty berk soraga çekdi we her hili edip meni gorkuzjak bolup psihologiki basyşlar edip gördi, ýöne men aljyramadym. Konsullykdan yzyma gaýdanymda şeýle ýagdaýa duçar edilen beýleki migrantlar bilen gepleşdim. Olar hem gaty nägile konsullygyň işgärleriniň edýän şeýle işlerinden“ diýip, howpsuzlyk sebäpli adynyň efirde agzalmazlygyny soran türkmen migranty Azatlyk Radiosyna öz başyndan geçirenlerini gürrüň berýär we ýokarda agzalýan ýagdaýlaryň dogrudanam bolýandygyny tassyklaýar.

Sözi jemlesek, ýokarda agzalýan mysallar çäginde, türkmen migrantlarynyň Türkmenistanyň Stambuldaky konsullygynda başdan geçirýän ýagdaýlary barasynda degişli türkmen resmilerinden nähilidir bir kommentariýa ýa-da jikme-jik maglumat almak Azatlyk Radiosyna başartmady.

XS
SM
MD
LG