Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hökümet daşary ýurtlardaky ‘köne pasportly’ türkmenistanlylara ‘geçirimlilik eder’ diýilýär


Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanyň Migrasiýa hakyndaky kanunyny bozup, ýurda girip-çykmak üçin zerur bolan biometriki pasporty wagtynda almazdan, köne pasportlary bilen uzak wagtdan bäri daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmen raýatlaryna Türkmenistanda döwlet derejesinde geçirimlilik ediljekdigi, olar ýurda dolanan halatynda hiç hili jogapkärçilige çekilmejekdikleri habar berilýär. Bu barada agzalýan mesele dogrusynda ýurduň welaýatlarynda ilat arasynda howpsuzlyk işgärleriniň geçiren ýygnaklaryndan habarly Azatlygyň biri birinden garaşsyz iki çeşmesi 6-njy iýunda habar berdi.

Mälim bolşy ýaly, ilat arasynda biometriki pasport diýlip tanalýan Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasporty 2013-nji ýyldan başlap ýurtdan çykmak üçin adaty raýatlara zerur bolan ýeke-täk resminama hökmünde kabul edilip, ondan ozal ýurtda hereket edýän içerki pasportyň daşary ýurda çykmakda ulanylmagyna kanun esasynda gadagançylyk girizildi.

Şondan ozal köne pasport bilen daşary ýurda, esasan Türkiýä çykan köpsanly türkmenistanly raýatlar dürli howatyrlanmalar sebäpli ýurda dolanmazdan, köne pasportlary bilen ýaşaýan ýurtlarynda galdylar. Mundan ozal, bu barada Azatlyk Radiosy esasan Türkiýede ýaşaýan türkmen diasporasynyň onlarça wekili bilen geçiren gürrüňdeşliklerinde maglumat çap edipdi.

“Türkmenistanyň Migrasiýa hakyndaky kanuny bozan [daşary ýurtlardaky] türkmenistanly migrantlaryň köpçülikleýin günäsini geçmek meselesine garalýar. Bu daşary ýurda çykan raýatlary yzyna, ýurda dolamak üçin görülýän çärelerden biridir” diýip, Azatlygyň ýagdaýdan habarly çeşmesi gürrüň berdi.

Beýleki çeşme bu maglumaty tassyklap, Migrasiýanyň we Howpsuzlyk gullugynyň işgärleriniň welaýatlarda ilat bilen gürrüňdeşlik geçirýändigini, onuň dowamynda günä geçişlik hakda agzalyp, bu barada ýygnaga gatnaşyjylara prezidentiň kararynyň nusgasynyň görkezilýändigini aýtdy.

“Eýsem, migrantlar dolanarmy!? Ýurtda işsizlik höküm sürýär. Bolýan zatlar beýik türkmen depressiýasydyr” diýip, Azatlygyň birinji çeşmesi aýtdy.

Azatlyk Radiosy edil şu sorag bilen Türkiýede ýaşaýan migrantlaryň, şol sanda türkmenistanlylaryň ýaşaýyş rugsatlary we beýleki resminamalary boýunça meseleleri bilen ýakyndan gyzyklanýan Stambuldaky “Türkpermit” hukuk geňeşdarlygy firmasynyň ýolbaşçysy Murat Erşahin bilen gürrüňdeşlik geçirende ol “Bu täzelikden Türkiýede köne pasport bilen ýaşaýan müňlerçe türkmenistanly bikanun migrant hoşal bolar” diýip, çaklady.

“Ýöne türkmenler hökümetiň aýdýan zatlaryna kän bir ynanyp barmaýarlar. Şol sebäpden haçan bu aýdylýan karar metbugatda çap edilip, ondan soň birnäçe migrant Türkmenistana gidip pasportyny çalşyp gelensoň, muňa ynanyp başlarlar” diýip, Erşahin aýtdy.

Çykandygy aýdylýan täze kararyň Türkiýedäki migrantlara nähili täsir etjekdigi barada özüne berlen sorag boýunça garaýyşlaryny beýan eden türkmen diasporasynyň Türkiýedäki wekillerinden Rozubaý, bu karara özüniň begenjekdigini, ýöne ilki bilen bu kararyň iş ýüzünde güýje girip, işleýändigini görmek isleýändigini aýtdy.

Türkmenistanly migrantlar eklenç gözleginde esasan Türkiýä ýykgyn edýärler. Türkiýede köne pasport bilen bikanun ýagdaýda ýaşaýan türkmenistanlylaryň anyk sany mälim däl. Ýöne Türkiýäniň Migrasiýa gullugynyň hasabatlarynda, diňe 2016-njy we 2017-nji ýyllarda ýurtda kanuny ýagdaýda hasaba alnan türkmenistanly raýatlaryň sanynyň 30 müň töweregindedigi mälim edilýär.

Öňe sürülýän Karar barada Türkmenistanyň Migrasiýa gullugy özüniň resmi websahypasynda resmi beýanat ýaýratmady.

Ýurtda ykdysady ysgynsyzlyk höküm sürýär diýilýän wagty, daşary ýurtda gazanç edip, maşgalasyny ekleýän türkmenistanlylary ýurda dolamaga synanyşmagyň aňyrsyndaky maksadyň anyk nämedigi nämälimliginde galýar. Ýöne Azatlygyň Türkiýedäki türkmen diasporasynyň wekilleri bilen geçiren gürrüňdeşliginden mälim bolşuna görä, türkmen hökümetiniň özüniň daşary ýurtdaky raýatlary babatda etjek eglişigi türkmen migrantlarynyň arasynda uly gyzyklanma döreder.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG