Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatlylar yssy howadan ‘kösenýärler’

Bir aýal maşgala saýawan bilen günden goranýar.
Bir aýal maşgala saýawan bilen günden goranýar.

Türkmenistanda şu günler aşa yssy howa dowam edýär. Howanyň derejesiniň kölegede 45 gradusdan ýokarydygyny, günüň aşagynda bu gyzgynlygyň 50 gradusdan hem geçýändigini görse bolýar.

Şeýle gyzgyn howaly günlerde, geçen ýyllarda Aşgabadyň köp ýylky ösüp oturan saýaly agaçlary çapylyp, giňeldilen köçelerinden ýöremeli bolýan ýaşaýjylaryň köpüsinde günden goraýan saýawanlaryň, köpüsinde bolsa başlaryna atylan ak ýaglyklaryň bardygyny, nähilidir bir ýol bilen özüňi günden goramasaň, günüň aşagynda köçelerden ýörär ýaly däldigini, Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolýan ýaşaýjylar aýdýarlar.

Şäheriň ýaşaýjylarynyň jemgyýetçilik awtoulaglaryndan peýdalanmaly bolýan böleginiň ir ertirden günüň dogandaky gyzgynlygyna hem çydam etmän, köçeleriň ugrunda gurlan awtobus duralgalarynyň ýeňse taraplaryna geçip durýandyklaryny, ýa bolmasa awtobus duralgalarynyň golaýlarynda bar bolan baglaryň, jaýlaryň kölegelerinde günden goranyp, awtobusyň gelerine garaşmaly bolýandyklaryny hem, her gün bu ýagdaýlara syn edýän aşgabatly ýaşaýjy Gülnabat daýza aýdýar.

Aşgabatlylar yssydan goranýarlar

"Baba Annanow" köçesiniň ugrundaky gyzgyn duralgalaryň biri. Ýolagçylar ýoluň üstünde oturyp, awtobusa garaşýarlar
1/14 "Baba Annanow" köçesiniň ugrundaky gyzgyn duralgalaryň biri. Ýolagçylar ýoluň üstünde oturyp, awtobusa garaşýarlar
Köpräk görkez Azrak görkez
"10 ýyl abadançylyk" köçesiniň ugrundaky sensor gapyly duralgalaryň biri.
2/14 "10 ýyl abadançylyk" köçesiniň ugrundaky sensor gapyly duralgalaryň biri.
Köpräk görkez Azrak görkez
Gyzgyn duralgada oturyp bilmän duralganyň ýeňsesindäki kölegede awtobusa garaşýan ýolagçylar
3/14 Gyzgyn duralgada oturyp bilmän duralganyň ýeňsesindäki kölegede awtobusa garaşýan ýolagçylar
Köpräk görkez Azrak görkez
Gyzgyn duralgada öz elindäki pakedini kölege edinip, awtobusa garaşýan zenan
4/14 Gyzgyn duralgada öz elindäki pakedini kölege edinip, awtobusa garaşýan zenan
Köpräk görkez Azrak görkez
Awtobus duralgasynyň golaýyndaky mahabat sütüniniň kölegesinde duran ýolagçylar.
5/14 Awtobus duralgasynyň golaýyndaky mahabat sütüniniň kölegesinde duran ýolagçylar.
Köpräk görkez Azrak görkez
Yssy howada saýawan bilen günden goranýarlar.
6/14 Yssy howada saýawan bilen günden goranýarlar.
Köpräk görkez Azrak görkez
Awtobus duralgalarynyň kölegesinde dynç alyp oturan işçiler.
7/14 Awtobus duralgalarynyň kölegesinde dynç alyp oturan işçiler.
Köpräk görkez Azrak görkez
Sensor gapyly duralgalaryň hem sowadyjylarynyň işlemeýänligi sebäpli, awtobus duralgasynyň kölegesinde awtobusa garaşýan ýolagçylar hem bolýar
8/14 Sensor gapyly duralgalaryň hem sowadyjylarynyň işlemeýänligi sebäpli, awtobus duralgasynyň kölegesinde awtobusa garaşýan ýolagçylar hem bolýar
Köpräk görkez Azrak görkez
Awtobus duralgasynyň kölegesinde garaşýan ýolagçylar.
9/14 Awtobus duralgasynyň kölegesinde garaşýan ýolagçylar.
Köpräk görkez Azrak görkez
Yssy howada saýawan bilen günden goranyp duran ýolagçy.
10/14 Yssy howada saýawan bilen günden goranyp duran ýolagçy.
Köpräk görkez Azrak görkez
Awtobus duralgasynyň golaýyndaky kölegelerde duran ýolagçylar.
11/14 Awtobus duralgasynyň golaýyndaky kölegelerde duran ýolagçylar.
Köpräk görkez Azrak görkez
Duralganyň kölegesinde awtobusa garaşýan ýolagçy
12/14 Duralganyň kölegesinde awtobusa garaşýan ýolagçy
Köpräk görkez Azrak görkez
Awtobus duralgasynyň golaýyndaky agajyň kölegesinde awtobusa garaşýan ýolagçy.
13/14 Awtobus duralgasynyň golaýyndaky agajyň kölegesinde awtobusa garaşýan ýolagçy.
Köpräk görkez Azrak görkez
"Baba Annanow" köçesiniň ugrundaky duralgalaryň biri.
14/14 "Baba Annanow" köçesiniň ugrundaky duralgalaryň biri.
Köpräk görkez Azrak görkez
Previous slide
Next slide

Gülnabat daýzanyň aýtmagyna görä, şäherde bar bolan awtobus duralgalary hem şäheriň ýaşaýyş jaýlarynyň bölünişigine görä goýulypdyr. Şäheriň elita atlandyrylýan raýonlaryndaky awtobus duralgalary sensor gapyly, içi sowadyjyly hem telewizorly duralgalar bolup, şäheriň Parahat-7 etrapçasynyň çäginden geçýän awtobus gatnawlarynyň ugrunda ilat üçin gurlan awtobus duralgalary ýönekeý duralgalar bolup, günüň düşýän wagty ol awtobus duralgalarynyň aşagyna girip bolmaýar.

Duralganyň aşagy dymyk, günüň gyzgyny ýakyp barýar. Ýolagçylar awtobus duralgalarynyň gün düşmeýän ýeňse taraplaryna geçip, awtobusa garaşýarlar. Golaý-goltumda bir ymarat ýa saýaly agaç bolsa, onuň kölegesinde durmaga mejbur bolýarlar.

Kä halatlarda bolsa sensor gapyly, sowadyjyly duralgalaryň hem sowadyjylarynyň ýa gapylarynyň işlemeýänligi sebäpli, ýolagçylar duralgalaryň daşynda agaçlaryň kölegelerinde durmaga mejbur bolýarlar.

XS
SM
MD
LG