Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan başga pikirleri inkär edip, el bilen döredilen suw howdanynyň 'üstünlik getirjegini' tekrarlaýar


Garaşor çöketligine ýylda 10 millarda çenli mukdarda zeý suwlarynyň akdyryljakdygy aýdylýar.

“Trend” habar gullugy türkmen mediasyna salgylanyp, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda “Suw serişdelerini rejeli we netijeli ulanmak – durnukly ösüşiň binýady” diýen temada ylmy maslahatyň geçirilendigini habar berýär.

Bu maslahatda hususan-da zeýkeş suwlaryny gaýtadan ulanmak tehnologoýalary hakynda gürrüň edilipdir.

Türkmen alymlarynyň maslahaty geçen aý Duşenbede geçirilen suw maslahatynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Garagumdaky 'şor suw' taslamalary barada beren gürrüňinden soň Azatlyk radiosynyň efire beren söhbetdeşliginiň, beýleki habar saýtlarynda çap edilen we başga pikiri öňe sürýän makalalaryň yz ýanyna gabat geldi.

Aşgabatly synçy A. Bugaýewiň Azatlyk radiosy bilen söhbetdeşlikde aýtmagyna görä, geçen asyryň 60 – 70-nji ýyllarynyň dowamynda Garagum kanalynyň çekilmegi bilen türkmenlerde suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak medeniýeti küteldi we bu ýagdaý, pagtaçylyk bilen bagly mejbury zähmetiň saklanyp galmagy, müňlerçe gektar ýere gowaça ekmek we bimöçber derejede suw ulanmak praktikasy zerarly şindi hem dowam edýär.

Türkmenistanda Garagumuň merkezinde gurulýan “Altyn asyr” kölüniň “birinji nobatdakysy” diýilýän 2009-njy ýylda ulanmaga berildi.

Indi Türkmenistan şor suwlary Garaşor diýilýän uly çöketlige akdyrýar we, prezident G.Berdimuhamedowyň iýun aýynda Duşenbede geçen suw maslahatynda tassyklamagyna görä, “kabul ederlik kadalara çenli arassalan” suwda uly möçberde balyklaryň peýda bolýandygyny” aýdýar.

Garaşor çöketligi 103 kilometr uzynlykdaky, 18 kilometr giňlikdäki ýer bolup, onuň suwdan doldurylmagy üçin Ahal, Mary, Balkan sebitlerinden şor suw akdyrylyp getirilýär.

Emma ýerli synçylar uzak aralykdan akdyrylyp getirilýän şor suwlaryň ýolda yssy howadan bugarýandygyny we ýere siňýändigini, bu ýagdaýda Garaşor çöketligini suwdan doldurmagyň uzak wagt aljakdygyny öňe sürýärler.

Olaryň pikirine görä, Garaşor çöketligi suw ýetmän gurasa, ol ýerde toplanan himiki çökündiler howa ýaýrap, sebitiň ekologiýasyna uly zyýan ýeririp biler.

Sebitdäki suw meselelerini ýakyndan öwrenýän ekspertleriň köpüsi Türkmenistanda suwuň Garagum kanaly gurlup, döwlet plany esasynda müňlerçe gektar ýere gowaça ekilip başlaly bäri, onlarça ýyllaryň dowamynda bisarpa ulanylyp gelnendigini, netijede ýurduň ekerançylyk ýerleriniň juda şorladylandygyny, hasyllylygyň pese düşendigini aýdýar.

Olaryň pikirlerine görä, “Altyn asyr” kölüniň gurluşygy, Garaşor çöketligine şor suwlary ýygnamak esasynda hem, mesele çözülmän, ozalky ýalňyşlyklaryň çuňlaşdyrylýan bolmagy örän mümkin.

Emma türkmen alymlarynyň ynanjyna görä, “el bilen döredilen bu suw howdanynyň, çylşyrymly gidrotehniki ulgamyň gurulmagy möhüm ekologik, ykdysady we durmuş meselelerini üstünlikli çözmäge mümkinçilik berýär” diýip, “Trend” habar berýär.

Ýerli synçylar Türkmenistandaky "Altyn asyr" kölüniň we Garaşor çöketligi proýektleriniň türkmen gaznasyna milliardlarça dollar serişde düşýändigini aýdýarlar.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG