Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda yssy howa höküm sürýär, asfalt ýollar zaýalanýar


Aşgabatda yssy howada tämizlikçi köçe süpürýär (Illýustrasiýa suraty)

Soňky bir ýarym hepdäniň dowamynda Türkmenistanda yssy howa şertleri adamlaryň gündelik durmuşyna, olaryň saglyk ýagdaýlaryna täsir edýär. Temperaturanyň aşa ýokary galmagy ýurduň çäklerindäki garaýollara-da zyýan ýetirýär. Bu barada Azatlygyň Türkmenistandaky habarçysy 11-nji iýulda maglumat berdi.

“Ýurtda soňky bir ýarym hepdäniň dowamynda howanyň yssysy +44+46gradusa baryp ýetdi. Termometrler +48 +50 derejeleri görkezýär. Yssy howanyň ýetirýän zyýanlary we ondan nädip goranmalydygy barada türkmen mediasynda maglumat berilmeýär” diýip, Azatlygyň Türkmenistandaky habarçysy aýdýar.

Onuň sözlerine görä, adamlar soňky ýagan duzlaryň yssy howada eremeginiň netijesinde oňaýsyz howa şertlerine duçar bolýar.

Ýatlasak, 26 – 28-nji maý aralygynda Aral deňziniň üstünde gaý-harasatyň turmagy bilen Türkmenistanyň we Özbegistanyň käbir çäklerinde ýaramaz howa şertleri ýüze çykyp, hususan-da Daşoguz welaýatyna duz ýagypdy, hem-de ýurduň beýleki käbir künjeklerinde çal harasat gopupdy.

“Lukmanlar Daşoguzda soňky 10 günüň dowamynda gan basyşy galyp, hassahanalara ýüz tutan raýatlaryň sanynyň artýandygyny aýdýarlar” diýip, Azatlygyň habarçysy belledi.

Yssy howanyň adamlaryň gündelik durmuşyna täsiri diňe olaryň saglygyna zyýan ýetirmek bilen çäklenmän, eýsem, ýaramaz howa şertleri çala gurlandygy aýdylýan garaýollardaky asfaltyň eremegine-de getirýär. Yssy howada ýollardaky mazutyň eremegi ulag sürüjilerini azara goýýar.

“[Howanyň temperaturasynyň aşa ýokary galmagy bilen] ýollardaky asfalt eräp batgalaşýar. Munuň netijesinde maşynlar erän asfaltyň üstünde taýyp, olaryň mazuta batýan halatlary-da az däl. Ulaglara ýokaşan mazutlary aýyrmak ulag eýelerine goşmaça çykdaýjy bolýar” diýip, Azatlygyň habarçysy onlarça sürüjä salgylanyp gürrüň berdi.

“Geçen ýekşenbe güni Lebaba gidenimde geçen ýyl gurluşygy tamamlanan Tejen – Aşgabat awto magistral ýolunyň häzirki ýagdaýyny gördüm. Ýoluň asfalty eräp, agyr ýük maşynlarynyň tekerleri olarda salma ýasapdyr. Bu ýagdaý ýeňil maşynlaryň hereketine howp döreýär” diýip, Azatlygyň habarçysy milliardlap maliýe serişdesi harçlanan ýollaryň gurluşygyny korrupsiýa hadysalary bilen ilteşdirýär.

“Çarwa daýhanlara-da yssy erbet täsir edýär; günortan çagy mallary kölegä goýmasalar mallary gün urýar” diýip, Azatlygyň habarçysy türkmenistanly maldarlaryň sözlerine salgylanyp gürrüň berdi.

Galyberse-de, mundan öňki tomus pasyllarynda paýtagt Aşgabatda kondisionerleriň köpçülikleýin aýyrdylmagy, ýa-da bolmasa yssy howada paýtagtdaky içi kondisionerli täze duralgalaryň gapylaryna gulp urulmagy ýaly maglumatlar peýda bolupdy.

Türkmenistanyň gurak klimaty bar. Garagum çöli ýurduň territoriýasynyň takmynan 80 %-ne golaýyny eýeleýär. Tomus paslynda çölde yssy howanyň derejesi +50 gradusa çenli baryp ýetýär.

Ýollar barada aýdylanda, häzirki wagtda Türkmenistanda Aşgabat – Türkmenabat we Aşgabat – Türkmenbaşy aralygynda uly magistral ýollarynyň gurluşygynyň üstünde işlenýär.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG