Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýewropa sudy Moskwany Politkowskaýa we ‘Pussy Riot’ işleri boýunça ýazgardy


Anna Politkowskaýa
Anna Politkowskaýa

Adam hukuklary boýunça Ýewropa sudy aýry-aýrylykda geçiren iki sud diňlenişiginde, Moskwanyň derňew žurnalisti Anna Politkowskaýanyň öldürilmegi bilen baglanyşykly derňewlerini we onuň “Pussy Riot” pank toparyna çemeleşişini ýazgardy.

Adam hukuklary boýunça Ýewropa sudy 2006-njy ýylda Moskwada atylyp öldürilen Politkowskaýanyň işi bilen baglanyşykly Orsýetiň “öldürmäni buýuran adamy ýa-da adamlary tapmak üçin zerur bolan derňew çärelerini görmekde şowsuz bolandygy” barada karar çykardy.

Şeýle-de, Ýewropa sudy 2012-nji ýylda premýer-ministr wezipesini ýerine ýetiren Wladimir Putine garşy “pank doga-dilegini” aýdany üçin türme tussaglygyna höküm edilen “Pussy Riot” pank toparynyň üç agzasyna adamkärçiliksiz ýa-da kemsidiji çemeleşilendigi hem-de olaryň adalatly sud edilmek we erkinlik hukuklarynyň bozulandygy barada karar çykardy.

Adam hukuklary boýunça Ýewropa sudy Orsýetiň Maria Alýohina, Natalýa Tolokonnikowa we Ýekaterina Samutsewiçe 72,000 ýewro, ýagny $84,000 möçberinde kompensasiýa tölemelidigi barada hem karar çykardy.

XS
SM
MD
LG