Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Owganystan: Janyndan geçeniň bombaly hüjüminde 20 adam öldi


Owgan polisiýasy

Owganystanyň demirgazygynda janyndan geçen bombaçynyň amala aşyran hüjüminde 20 adam, şol sanda “Talybanyň” komandiri öldi diýip, 17-nji iýulda owgan resmileri aýtdylar.

Sar-i-Pul welaýat polisiýasynyň başlygy Abdul Kaýum Bakizoýyň aýtmagyna görä, bu hüjüm oba ýaşululary bilen “Talyban” resmileriniň duşuşan mahaly amala aşyryldy.

Bu hüjümiň jogapkärçiligini häzirlikçe hiç bir topar öz üstüne almady, emma Bakizoý munuň arkasynda “Yslam döwleti” toparynyň bardygyny aýdýar.

Soňky günlerde demirgazyk Owganystanda “Talyban” we “Yslam döwleti” toparlarynyň arasynda ýowuz çaknyşyklar dowam edýär.

Soňky çaknyşyklarda iki tarapyň azyndan 100 söweşijisi öldi diýip, Bakizoý belledi.

Sar-i-Pul welaýat geňeşiniň başlygy Mohammad Nur Rahman gürrüňi edilýän partlamanyň metjitde bolandygyny mälim etdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG