Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşary ýurtlarda okuwyny tamamlan türkmen studentleriniň VISA kartlary ‘petiklendi’


Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky tarapyndan berlen plastik kart

Türkmenistanyň banklary daşary ýurtlaryň ýokary okuw jaýlarynda okuwyny tamamlan türkmen studentleriniň VISA plastik kartlaryny petikläp başlady diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçylary we türkmenistanly studentler habar berýärler.

Читайте также на русском

“Biziň wizamyz awgust aýynda tamamlanýandygyna garamazdan, kartlarymyz 10-njy iýuldan bäri işlemeýär. Meniň kartymda 300 amerikan dollaryndan gowrak pul galdy. Bankomatlaryň ekranynda ‘VISA kartyny alan bankyňyza ýüzleniň’ diýlen ýazgy çykýar. Dükandan haryt almakçy bolanymyzda, kartda näsazlygyň bardygyny aýdýarlar” diýip, ýakynda daşary ýurtlaryň birinde okuwyny tamamlan we howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli adynyň efirde agzalmazlygyny soran türkmenistanly student gürrüň berdi.

Şu aýyň başynda daşary ýurtlaryň birinde okuwyny tamamlan ýene bir türkmenistanly studentiň Azatlyk Radiosynyň adynyň efirde agzalmazlygyny soran habarçysyna gürrüň bermegine görä, ol birnäçe gün bäri her gün azyndan üç bankomata aýlanyp, VISA bank kartyndaky puluny nagtlaşdyrmakçy bolýar, emma onuň bu synanyşyklary hem başa barmaýar.

“Men banka jaň edip, bu ýagdaýy düşündirdim. Bankda işleýän spesialist maňa ‘uniwersitet bilen baglaşylan şertnamanyň möhletiniň tamamlanandygyny, şol sebäpli kartlaryň indi işlemeýändigini’ aýtdy” diýip, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli adynyň efirde agzalmazlygyny soran türkmen studenti Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.

Studentler özleriniň okuwy tamamlansa-da, diplomlary doly taýýar bolýança ýene birnäçe aý okuwy tamamlan ýurtlarynda galmaly bolýandyklaryny, ýöne VISA kartlaryň petiklenmegi sebäpli häzirki wagt özleriniň pul ýetmezçiliginden kösenýändiklerini, şol sebäpli köp studentleriň dürli işlerde işläp başlandygyny hem aýdýarlar.

“VISA katymdan pul alyp bolmaýandygy sebäpli, men dostumdan hepdede iki gün onuň ýerine işe çykmagy soradym. Häzir şeýdip gazanç edýärin” diýip, türkmen studenti sözüni jemledi.

Daşary ýurtda okaýan ýene bir türkmenistanly student hem özüniň meýdanda işläp başlandygyny, günüň aşagynda aşa köp wagt işländigi sebäpli teninde ýanyklaryň emele gelendigini gürrüň berdi.

Ýatladyp geçsek, 2016-njy ýylyň başynda Türkmenistanda dollaryň resmi söwdasy ýatyryldy. Şondan bäri ýurtda türkmen banklary tarapyndan berlen VISA we Mastercard plastik kartlary daşary ýurtlarda okaýan studentlere pul ugratmagyň çäkli usullarynyň biri bolup galýar.

Türkmen banklary tarapyndan girizilen düzgüne laýyklykda, daşary ýurtlarda okaýan türkmenistanly studentleriň ene-atalary öz çagasynyň okaýan ýokary okuw jaýy bilen baglaşan şertnamany we beýleki resminamalary tabşyrsa, onda her aýda 500 amerikan dollaryna çenli türkmen manadyny resmi kurs arkaly çalşyp, VISA ýa-da Mastercard plastik kartyna geçirip bilýärler.

Türkmenistanda dollaryň “gara bazardaky” nyrhy resmi kursdan bäş esse gymmatlap, 1 amerikan dollary 18 manada ýeten mahaly, bu çagasy daşary ýurtda okaýan ene-atalar üçin belli bir derejede ýeňillik hökmünde agzalsa-da, daşary ýurtlarda okaýan türkmen studentleriniň öz VISA we Mastercard plastik kartlaryndan peýdalanmak bilen bagly kösençlikleri indi bir ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýär.

Şu ýylyň aprel, maý we iýun aýlarynyň dowamynda Azatlyk Radiosy bilen Orsýetden, Ukrainadan, Belarusdan, Täjigistandan we Tatarystandan habarlaşan türkmenistanly studentler türkmen VISA we Mastercard plastik kartlaryndaky puly nagtlaşdyryp ýa-da nagt däl hasaplaşyklar üçin ulanyp bolmaýandygyny we munuň bilen bagly studentleriň umumy ýaşaýyş jaýyndan kowulmak, ýatmaga ýer tapmazlyk ýaly dürli kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyny gürrüň berdiler.

Sözümiziň ahyrynda bellesek, Azatlyk Radiosyna ýokarda gürrüňi edilýän ýagdaýlar dogrusynda Türkmenistanyň Merkezi bankyndan, Döwlet daşary ykdysady iş bankyndan haýsydyr bir kommentariý almak başartmady. Daşary ýurtlarda okaýan türkmen studentleriniň VISA we Mastercard plastik kartlary bilen baglanyşykly başdan geçirýän kynçylyklary barada ýurduň resmi mediasynda hem häzire çenli mesele gozgalman gelýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG