Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Resmi metbugat galla oragynyň jemleri barada imi-sala dymýar, synçylar hasylyň göwnejaý däldigini aýdýar


Türkmenistanda bugdaý meýdany. Arhiw suraty

Häzirki wagtda Türkmenistanda dowam edýän galla oragyny “üstünlikli jemlemek” işleri alnyp barylýar. 5-nji iýulda geçiren hökümet maslahatynda türkmen prezidenti welaýat häkimlerine ýerlerde galla oragyny tamamlamak boýunça degişli tabşyryklary berdi. Bu barada TDH habar berdi.

Bu ýyl ýurtda 1 million 600 müň tonna galla hasylyny ýygnamak boýunça plan borçnamasy kesgitlenipdi.

17-nji iýulda “Türkmenistanyň alternatiw habarlary” (TAH) saýty döwlet metbugatynyň 28-nji iýundaky maglumatyna salgylanyp, tutuş ýurtda 1 million tonna bugdaý hasylynyň ýygnalandygyny habar berdi. Ýöne şol bir wagtyň özünde TAH soňky 2 hepdeden gowrak wagtyň dowamynda galla hasyly babatda döwlet metbugatynda dowam edýän “imi-sala dymyşlyga” ünsi çekýär.

“Türkmenistanyň alternatiw habarlary” Lebap welaýatyndaky bir synça salgylanyp, regiondan ýygnalan bugdaý hasylynyň bu ýyl ýabygorlydygyny belleýär, hem-de döwlet ýolbaşçylarynyň dynç alşy tamamlanansoň, oragyň netijelerine “çintgäp” garaljakdygyny çaklaýar.

Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeşlikde ýerli synçy Amanmyrat Bugaýew hem käbir kärendeçi daýhanlara salgylanyp, bu ýylky bugdaý hasylynyň ýagdaýynyň öwerlik däldigini aýtdy.

“Türkmenistanda geçen ýylam, şu ýylam döwlet plan borçnamasy diýip 1 million 600 müň tonna gallany ýygnamaklyk yglan edildi. Geçen ýyl şol bellenen pellehana ýetilmedi. Şu ýyl bolsa, ilata resmi derejede ýetirilen maglumat – aýyň 5-ine Türkmenistan boýunça 1 million 30 müň tonna gallanyň ýygnalandygy hakynda habar berildi resmi derejede, ýöne ondan öňem soňam galla oragynyň gidişi hakynda mahabatly gürrüňler edilýär, ýöne näçe ösüş boldy, ýene gaýry boldy, bu zatlar hakynda welin ilata anyk maglumatlar berlenok. Ýöne, umumy häsiýetli maglumatlar näçe diýseň bar” diýip, synçy Bugaýew belledi.

Ol gürrüňe dowam edip, hökman aýdylmaly hakykatyň üstüni açdy:

“Mahabatly gürrüňler edilýär, ýöne hakykatyň haky üçin aýtmaly bellemeli zat; şu ýyl Türkmenistana ýyl juda gurak geldi. Galla hasylynyň o diýen bitginli däldigi eýýäm ýylyň başyna-da bellidi. Sebäbi; ýyl gurak gelendigi üçin, asmandan ýagyş-ýagmyr inmedi. Il içinde, ylaýta-da däne, gowaça ekýän daýhanlaryň, kärendeçileriň arasynda şeýleräk gürrüň ýoň bolupdyr: “Ýerdäkilere galsa ýüzügaralyk, asmanyň özi bir rehim edäýmese” diýip, gürrüň bar. Suw ýetmezçiligi, bolanda-da köp ýerlere suwuň çykmazlygy, ine şu zatlar sebäpli galla almaly boýuny alyp bilenok, içmeli suwuny içip bilenok” diýip, synçy Bugaýew belledi.

Ol özüniň belet ýerlerinde, Balkan welaýatynyň bugdaý ekýän esasy iki etrabynda, ýagny Serdar we Berkeket etraplarynda, şeýle-de Ahal welaýatynyň Gökdepe hem-de Bäherden etraplarynda bugdaý oragyna ir girişilendigini, şol bir wagtyň özünde geçen aýagyň aýagyndan bäri agzalýan etraplaryň däne ekilen ýerlerine girip çykýan tehnikalaryň göze ilmeýändigini belledi.

Aşgabatly synçy Lebap we Daşoguz welaýatlaryndaky oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan işlerden habarly gürrüňdeşlerine salgylanyp, agzalýan regionlarda ýygnalýan bugdaý hasylynyň möçberiniň artdyrylyp ýazylýandygyny ýaňzytdy.

“Häzir galla oragy tamamlandy diýen ýaly... Gallanyň özümizden artyk galýan möçberini daşary ýurtlara eksport etmek bolar” diýip, 5-nji iýulda geçiren hökümet maslahatynda türkmen prezidenti belledi.

Ýöne, oba hojalyk pudagynda hasylyň artdyryp ýazylmagy barada aýdylýan gürrüňler göz öňüne getirilende, şeýle-de göz öňünde tutulan 1 million 600 müň tonnalyk bugdaýyň, metbugatdaky habarlardan çen tutup, heniz doly ýygnalmandygyny hasaba goşanda, anyk haýsy bugdaýy daşary ýurda eksport etmek barada gürrüň edilýändigi, häzirlikçe, nämälimliginde galýar.

“Metbugatda şu ýyl öňki ýyllardakydan-da has beter dymyşlyk, diýmek [bu ýagdaý] il günüň, ylaýta-da daýhanlaryň ýylyň başyna eden çaklamalarynyň dogry bolup çykandygyna, ýygnalan hasylyň hatda artdyryp ýazmalar bilenem plan borçnamalarynyň dolunmandygyna güwä geçýän ýagdaý. Şu ýyl gaty dymýarlar” diýip, synçy Bugaýew belledi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG