Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp 'örän agressiw' montenegrolylaryň III Jahan urşuny başlap biljegini ýaňzydýar


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp “Fox News” telewideniýesine interwiýu berýär.
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp “Fox News” telewideniýesine interwiýu berýär.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp montenegrolylaryň, ýagny garadaglylaryň güýçli, “örän agressiw” adamlardygyny aýtdy we NATO-nyň iň täze agzasynyň ýaranlygy uly bir urşa çekip biljegini ýaňzytdy.

“Fox News” telewideniýesi bilen Helsinkide ýazgy edilen we 17-nji iýulda ABŞ-da efire berlen söhbetdeşlikde Trampdan NATO-nyň düzgünnamasynyň 5-nji maddasy hakynda soraldy. Ol maddada ýaranlygyň bir agzasyna edilen hüjümiň hemmesine edilen hüjüm hasaplanylýandygy aýdylýar.

Interwiýu alýan žurnalist “Meniň oglum näme üçin ony hüjümden goramak üçin Montenegro gitmeli?” diýip soranda Tramp: “Men seniň näme aýdýanyňa düşündim, maňa-da şeýle sorag berdiler” diýip jogap berdi. Ol Montenegronyň “örän güýçli adamlary bolan kiçijik ýurtdugyny” aýtdy.

“Ýogsa-da, olar örän güýçli adamlar, olar örän agressiw adamlar. Olar agressiwleşip bilerler we, gutlaýaryn, siz onsoň III Jahan urşunyň içinde” diýip, prezident aýtdy.

Tramp soňra NATO-nyň 5-nji maddasy astynda, eger hüjüm edilse, Montenegronyň goraljakdygyny, “sebäbi onuň şeýle ýagdaýda gurlandygyny” tassyk etdi.

Montenegronyň Waşingtondaky ilçihanasy Azat Ýewropa/Azatlyk radiosyna özüniň Trampyň aýdan sözlerine bada-bat bir zat diýip bilmejekdigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG