Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

'Aşgabatda gara reňkli saýawan göterendigim üçin jerime töletdiler'


Türkmenistanyň paýtagtynda ýaşaýjylar ýagyş saýawanlary bilen günden hem goranýarlar, Aşgabat

Azatlyk Radiosy bilen 20-nji iýulda habarlaşan türkmenistanly özüniň ýaňy-ýakynda Aşgabatda günden goranmak üçin gara reňkli saýawan göterendigi sebäpli jerimä sezewar bolandygyny gürrüň berdi.

"Men özüm Lebap welaýatyndan Aşgabada gezelenje barypdym we gezip ýörkäm meni polisiýanyň işgärleri ştraf etdiler, jerime töletdiler, sebäbi men gara zontikli durdym", diýip Azatlyk Radiosynyň söhbetdeşi aýdýar. Onuň sözlerine görä, 10 manat möçberinde jerime töleden polisiýa işgärleri oňa gara saýawan götermegiň indi gadagan edilendigini aýdypdyr.

"Indi täze kanuna görä, gara saýawan götermek bolmaýamyş, diňe ak ýa-da açyk renk bolmalymyş, kim gara zontik goterse 10 manat jerime töledip durlar. Sebäp näme diýsem açyk bir zat düşündirmediler, ýöne 'gara reňk garalyga eltýär, ak reňk aklyga, ak şäherimiz Aşgabatda ak zatlary ulanmaly' diýip düşündiren boldular", diýip gürrüňdeşimiz aýdýar. Onuň sözlerine görä bu ýagdaý iki gün öň "Aşgabat" seýilbagynyň golaýynda bolupdyr.

Azatlygyň gürrüňdeşiniň aýdyşy ýaly oňa jerime salynmagynyň haýsy düzgüne esaslanýandygyny, ýa-da bu ýagdaýyň polisiýa wekilleriniň eden-etdiligi bilen bagly bir waka bolandygyny anyklap bolmady. Gara saýawanlaryň aýdylýan gadagançylygy barada Aşgabadyň polisiýa resmilerinden hem kommentariý alyp bolmady.

Aşgabatda şu günler howa kölege 45-47 gradusa çenli gyzýar. Türkmen paýtagtynyň ýaşaýjylary ýagyş saýawanlaryndan günden goranmak üçin hem peýdalanýarlar. Emma raýatlaryň gara saýawanlar üçin yzarlanmagyna degişli beýleki wakalar şu çaka çenli mälim bolmandy.

Soňky ýyllarda Türkmenistanda döwlet derejesinde ak reňkiň propagandasy dowan edýär. Aşgabatda ähli binalar ak reňkde gurulýar, ozaldan bar bolan binalar ak reňke boýalýar, soňky ýarym ýylyň dowamynda gara we goňur reňkli awtoulaglaryň ulanylmagy gadagan edildi, diňe ak we açyk reňkli awtoulaglara hereket etmäge rugsat berildi, şeýle-de, gara äýnek dakynýan sürüjilere polisiýa tarapyndan jerime salynýar.

Üstesine, Aşgabadyň ýaşaýjylary özleriniň polisiýa tarapyndan dürli sebäplerden jerimä sezewar edilýändigini Azatlyk Radiosyna yzygiderli habar berýärler. Soňky aýlarda türkmen zenanlarynyň köýnekleriniň darlygy we ýüzüniň, saçynyň boýaglydygy sebäpli jerimä sezewar bolandygy, şeýle-de milleti türkmen bolmadyk zenanlardan uzyn könek geýmegiň talap edilendigi barada maglumatlar gowuşdy.

Türkmenistanyň häkimiýetleri raýatlaryň gündeki durmuşynda ýüzbe-ýüz bolýan çäklendirmeleriň kanuna esaslanýan sebäplerini resmi taýdan mälim etmeýärler, düşündiriş bermeýärler. Kanun goraýjylar we ýerli häkimiýetler tarapyndan ýerine ýetirilýän gadagançylyklaryň aglabasy dil üsti bilen berilýär. Türkmenistanyň döwlet gözegçiligindäki mediasy problemalary gozgamaýar.

Azatlyk Radiosy bilen Telegram arkaly habarlaşyň
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:17 0:00

Teswirleri gör (2)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG