Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gara reňkli ulaglaryň ‘gara günleri’ dowam edýär


Gara reňkli ulag

Türkmenistanda gara we beýleki goýy reňkli ulaglaryň gadagan edilmegi bilen, awtomobilleri ak reňke boýamak hyzmatlarynyň bahalary hem göz-görtele ýokarlandy.

Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri häzir ulagy ak reňke boýatmagyň 18 müň manada çenli baryp ýetendigini aýdýar. Maglumat üçin aýdylsa, mundan birnäçe aý ozal bu hyzmat 8 müň manada deňdi.

Neşir Aşgabatda ulaglar üçin niýetlenen ak reňkiň ýetmezçiliginiň hem duýulýandygyny belleýär. Eger-de mundan iki aý ozal Birleşen Arap Emirliklerinde öndürilen 4 müň 200 grammlyk bir guty ak reňkli boýagyň bahasy 1 müň 500 manada deň bolan bolsa, häzir onuň nyrhy 1,5 esse ýokarlandy.

Bir ulagy täzeden reňklemek bir aýa golaý wagt çekýär. Mundan soň, ulag eýeleri 12 manada durýan täze guratlyk pasportyny almaly bolýarlar.

Ulag diagnostika merkeziniň duralgasyna getirilenden soň, “obhodnoý list”, ýagny geçilmeli barlaglaryň sanawy baradaky dokument taýýarlanýar. Bu 30-40 minut töweregi wagt alýar.

Türkmenistanda bir aýlap gara ulaglar 'awlanýar'
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:04 0:00

Mundan soň, ulag barlag boksyna eltilip, ol ýerde maşynyň kuzowynyň we dwigateliniň belgileri deňeşdirilýär. Barlagdan soň, boksuň ýolbaşçysy “obhodnoý liste” belliklerini edip, gol çekýär. Munuň üçin hem ýene-de nobatda garaşmaly bolýar.

Soňy bilen diagnostika merkeziniň ýolbaşçysynyň goluny we möhürini almak üçin, ýene-de nobata durmaly. Eger-de, ulag eýesiniň üstümizdäki ýyl üçin ätiýaçlandyryş şahadatnamasy bolmasa, ony hökmany ýagdaýda almaly bolýar. Iň pesi 50 manada durýan bu dokumentiň nyrhy hem ulagyň ýylyna we dwigateliniň göwrümine görä üýtgeýär.

Munuň yzy bilen, ulag eýesiniň ýol hereketiniň düzgünlerini bozup-bozmandygy barlanylýar. Eger-de, düzgün bozmalar hasaba alnan bolsa, ulag eýelerine jerimeleri töledýärler. Bellesek, bu ýerde hem uzyn nobatlarda durmaly bolýar.

Soňundan, ulag eýesi maşynyny öz islegi bilen ak reňke boýandygy aýdyp, degişli guratlyk şahadatnamasynyň berilmegini sorap, Polisiýanyň Ýol Gözegçilik Gullugynyň başlygynyň adyna arza ýazmaly. Başga mazmunly arzalar kabul edilmeýär.

Ýatladyp geçsek, Türkmenistanda köçeleri gara we goýy reňkdäki awtoulaglardan arassalamak çärelerine ilkinji gezek geçen ýylyň ahyrynda Aşgabatda girişilip, soňra bu ýurduň käbir beýleki welaýatlarynda hem amal edilip başlandy.

Häzir bolsa, ýurduň iri şäherlerinde diňe bir garamtyl reňkli däl, eýse könelişilen ulaglaryň hem saklanyp başlanandygy barada dowamly maglumatlar gowuşýar.

Türkmen hökümeti we mediasy ulaglaryň reňki, daşky görnüşi bilen bagly girizilýän yzygiderli çäklendirmeler barada häzirki güne çenli hiç hili maglumat bermän gelýärler.

Bu aralykda, “Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri 25-nji maýda bellenilýän Aşgabat şäheriniň gününi diňe ak awtoulaglar bilen garşylamagyň planlaşdyrylýandygyny nygtaýar.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG