Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Häkimiýetleriň 77-lik belgili awtoulaglary ‘awlamak’ çäreleri Daşoguzda-da dowam edýär


Illýustrasiýa suraty

“Maňa maglumat beren Daşoguz şäheriniň Ýol gözegçilik gullugynyň bir inspektory öňi 77-lik bilen başlanýan döwlet belgileriniň, mundan beýläk, diňe “Arkadagyň” ýakyn töwereginiň awtoulaglaryna dakylmaly edilendigini aýtdy” diýip, Azatlygyň Daşoguz welaýatyndaky çeşmesi Polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň bir işgäriniň sözlerine salgylanyp, 11-nji maýda habar berdi.

Ol ýetiren maglumatynda öňi 77-lik bilen başlanýan döwlet belgileriniň şu hepdäniň dowamynda ýurduň demirgazyk welaýatynyň çägindäki ulaglardan doly ýygnamak çäreleriniň güýçli depginde alnyp barylýandygyny aýtdy.

“Biziň welaýat merkezimizde Polisiýanyň Ýol gözegçilik gullugy bir hepde bäri [bu ugurda] 24 sagatlap dynç alman işleýärler” diýip, çeşme sözüniň üstüni ýetirdi.

Düýn, 10-njy maýda aşgabatly synçy Amanmyrat Bugaýew Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda-da awtoulaglarda öňi 77-lik bilen başlanýan döwlet belgileriniň ýygnalýandygyny habar beripdi.

“Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda döwlet belgisi, ýagny maşynyň öňi 77-lik san bilen başlanýan bolsa, gabat gelen ýerde köçe-ýol hereketi gullugynyň inspektorlary şol awtoulaglary saklaýarlar hem-de şolaryň döwlet belgisini, nomerini aýyrmagy talap edip, belgini özleri alyp gidýärler hem-de ýene-de 2-3 günden etrap polisiýasynyň köçe-ýol hereketi gullugyna barmalydyklaryny, şol ýerde olara täze nomeriň beriljekdigini aýdýarlar” diýip, Bugaýew düýn habar berdi.

Şeýle-de, ol welaýatyň ähli etraplarynda öňi 77-lik bilen başlanýan ulaglaryň täze belgi bilen üpjün edilýänçäler jerime duralgalarynda saklanýandygyny belläp geçdi.

Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki habar serişdelerinde ulaglardaky 77-lik belgi babatda öňe sürülýän çäklendirmeler agzalmaýar. Ýurduň resmileri-de bu gadagançylygy ne tassyklap, ne-de inkär edip çykyş edýärler.

Täzelikde güýje girip başlan bu biresmi çäklendirmäniň mümkin bolan sebäpleri barada Ýol gözegçilik gullugynyň bir işgäriniň sözlerine salgylanyp, gürrüňe dowam eden çeşme: “Golaýda arkadagyň ýakyn töwereginden birini welaýatlarda awtoinspektor saklapdyr. Şol sebäpden Polisiýanyň Ýol gözegçilik gullugynyň işgärleri olary [mundan beýläk] ýalňyşyp saklamaz ýaly, prezidentiň diňe ýakyn töweregi öňi 77-lik döwlet belgili awtoulaglarda ýöremeli edilipdir” diýip, sözüne goşdy.

Türkmenistanda ilatyň hususy awtoulaglary bilen bagly girizilýän çäklendirmeleriň depgini we görnüşi soňky ýyllarda güýçlendi.

Ulaglaryň reňki bilen bagly gadagançylyklaryň hronologiýasyna gysgaça ser salynanda, 2014-nji ýylyň sentýabr aýynda Aşgabat şäherinde hereket edýän awtoulaglarda gara diskleriň gadagan edilmegi bilen badalga berlen bu çäklendirme çäreleri, soňy bilen 2015-nji ýylda gara we garaňky reňkli awtoulaglaryň ýurda getirilmegine girizilýän gadagançylyklar bilen dowam etdi.

Soňra bu çäklendirmeler has-da çynyrgady we häkimiýetler tarapyndan 2017-nji ýylyň dekabr aýynda ýurduň paýtagtynda hereket edýän gara reňkli awtoulaglaryň ak reňke boýadylmagy talap edilip, ýylyň çalyşmagy bilen bu şertler has-da güýjedi. 2018-nji ýylyň dowamynda ulaglaryň reňkleri bilen bagly gadagançylyklar dogrusynda Azatlyk Radiosyna Türkmenistanyň dürli künjeklerinden habarlaryň gelip gowuşmagy dowam etdi. Awtoulag eýelerinden edilýän talaplaryň güýjemegi bilen, ýerli ýaşaýjylar ulaglarynyň reňklerini aga boýatmakda dürli kynçylyklara, şol sanda goşmaça çykdajylara sezewar boldular.

Galyberse-de, Türkmenistanda ulaglaryň reňki boýunça girizilýän çäklendirmeler ýeri gelende halkara metbugatda-da agzalyp geçildi.

Ýöne, türkmen metbugatynda awtoulaglaryň reňkleri, şol sanda 77-lik döwlet belgileri barada öňe sürülýän maglumatlar boýunça dil ýarylmaýar.

Azatlyk Radiosynyň birnäçe ýerli çeşmesiniň aýtmagyna görä, prezident G. Berdimuhamedowyň 7-lik sany ýa-da belgisini halaýar. Berdimuhamedow öz gatnaşýan sport çärelerinde 7-lik belgili awotulaglara münýär, ýurtda geçirilen käbir dabaralaryň senesi we wagty 7-lik belgisine gabat getirilýär.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG