Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kabul: Wise-prezident bosgunlykdan dolanyp gelende aeroportda ganly partlama boldy


Wise-prezident Abdul Raşid Dostum Kabula gaýdyp geldi.

Owganystanyň Içeri işler ministrligi Kabulyň halkara aerportunyň girelgesinde janyndan geçeniň partlatmasy azyndan 10 adamy ýaralady diýýär.

Bu partlama bosgunlykdan yzyna dolanyp gelýän wise-prezident Abdul Raşid Dostuma hoş geldiň diýmäge ýüzlerçe adamyň toplanan ýerinde boldy.

22-nji iýuldaky partlama uly derejeli hökümet resmileri we Dostumyň goldawçylary ozalky uruş serkerdesini garşylap, aerportdan gaýdyp barýan wagtlarynda boldy.

Bronlanan maşynda barýan Dostum ýaralanmady diýip, onuň sözçüsi Başir Ahmed Taýanj aýtdy.

"Biz janyndan geçen pyýadanyň özüni partlatmagy netijesinde 10 adamyň ýaralanandygyny ýa öldürilendigini tassyklap bilýäris” diýip, Içeri işler ministrliginiň sözçüsi detallary açmazdan aýtdy.

Dostum Kabula bir ýyldan gowrak Türkiýede bosgunlykda bolandan soň dolanyp geldi.

XS
SM
MD
LG