Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşoguzda bankomatlaryň öňünde uly nobatlar, uruş-dawa döreýär


Bankdaky nobat, Türkmenistan
Bankdaky nobat, Türkmenistan

Daşoguzyň ýaşaýjylary pensiýalaryny, çagalar üçin we maýyplyk sebäpli kömek pullaryny nagtlaşdyrmakda kynçylyk çekýärler. Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylary şu günler regionda bankomatlaryň öňünde uly nobatlaryň dörändigini, uruş-dawalaryň ýüze çykýandygyny habar berdiler.

"Bankomatlaryň öňi uly nobatlaryň, uly uruşlaryň bolýan ýerlerine öwrüldi. Häzir ol adamlary görseňiz täze bazar açylana meňzeýär. Etrapda bir adam gerek bolsa şol ýere baraýmaly. Häzir bankomatlardan bir gije-gündizde alyp bolýan puluň möçberi 50-60 manatdan köp däl. Gije-gündiz adamlar nobatyna garaşyp ýatýarlar", diýip Azatlyk Radiosynyň habarçysy 25-nji iýulda habar berýär.

Azatlyk Radiosy habar berilýän bu ýagdaý barada Daşoguzyň bank resmilerinden düşündiriş alyp bilmedi.

Türkmenistanyň ýaşaýjylary ýurtda pensionerleriň, çagaly eneleriň we maýyplaryň döwlet tarapyndan alýan kömek pullarynyň plastik kartlaryna geçirileli bäri regionda puly nagtlaşdyrmaga bolan islegiň artandygyny, emma munuň üçin bar bolan talaba görä mümkinçiligiň döredilmändigini, bankomatlaryň sanynyň ýeterlik däldigini, apparatlara goýulýan pullaryň tiz gutaryp galýandygyny aýdýarlar.

Türkmenistanda raýatlaryň zähmet haklarynyň plastik kartlara geçirilenine birnäçe ýyl boldy. Soňky ýylyň dowamynda pensiýalar, sosial kömek pullary, stipendiýalar we daýhanlar bilen hasaplaşyk nagt däl görnüşe geçirildi.

Daşoguzdaky habarçymyz pensiýalaryň we sosial kömek pullarynyň plastik kartlara geçirilmeginden soň etraplarda 10-15 daýhan birleşigine bir kassir belläp, galanlaryny işden boşatmak üçin täze bankomatlaryň satyn alnyp işe girizilendigini belledi. Emma onuň bank resmilerine salgylanyp, aýtmagyna görä, satyn alynýan täze bankomatlar hiliniň pesdigi sebäpli tiz sandan çykýar.

"Daşoguzda bolup bilse her etrapda ýekeje bankomat işleýär, galanlaryň ählisi döwlüp hatardan çykyp, hatda alnan bankomatlaryň haýsy firmadan alnandygy barada kepil haty hem ýok. Olary abatlamagyň çykdajylarynyň etraplardaky banklaryň işgärleriniň hasabyna bejermegi ýolbaşçylar talap edýärler. Bellemeli ýeri bu bankomatlaryň her biri azyndan 40-50 müň dollara satyn alnypdyr. Hytaýda öndürlen bu bankomatlaryň ätiýaçlyk şaýlary hem tapdyrman ýörite zakaz bilen ýasadylyp getirilýär" diýip, Azatlygyň habarçysy bankdaky çeşmelerine salgylanyp habar berýär.

Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň häkimiýetleri pensionerleriň tas ählisiniň pensiýalaryny plastik kart arkaly almagy hakynda karar çykardy. Oňa laýyklykda, 70 ýaşyna ýetmedik pensionerleriň pensiýalary ozalky ýaly bank bölümlerinde nagt görnüşinde däl-de, diňe plastik kartlar arkaly berilmeli. Bu düzgüniň 1-nji iýuldan güýje girmegine garamazdan, pensionerleriň agzalan kategoriýasyna girýän raýatlar öz pensiýalaryny eýýäm maý we iýun aýlarynda nagt görnüşde alyp bilmediler. Plastik kartlaryny edinen pensionerleriň pulunyň hem kartlara geçmändigi habar berlipdi. Pensiýalaryň näme sebäpden bank kartlaryna geçirilmändigi barada bank işgärleri, Türkmenistanyň Zähmet we durmuş üpjünçiligi ministrligi tarapyndan düşündiriş berilmedi.

Soňky aýlarda Türkmenistanyň paýtagtynda we welaýatlarynda banklaryň öňünde we bankomatlaryň daşynda uly nobatlaryň döreýändigi barada yzygiderli habar berilýär.

Azatlygyň Türkmenistandaky söhbetdeşleri, bankomatlaryň sanynyň talap edilişinden azdygy, içindäki puluň tiz gutaryp galmagy, üstesine çekip bolýan puluň möçberine degişli çäklendirmeler ýaly kynçylyklara yzygiderli duçar bolýandygyny aýdýarlar.

Aşgabatda günde çekip bolýan nagt puluň möçberiniň mukdarynyň soňky gezek 500 ýa-da 600 manatdan geçmeýändigi habar berlipdi.

Şeýle-de, pul bermän kart eýeleriniň hasabyndan puly saklap galýan "ogry bankomatlaryň" sanynyň köpelendigi habar berlipdi.

XS
SM
MD
LG