Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp Putin bilen 2019-njy ýylda, “arwah awlamalary sowlandan soň” duşuşmak isleýär 


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp rus prezidenti Wladimir Putin bilen, Hamburg, Germaniýa. 7-nji iýul, 2017.
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp rus prezidenti Wladimir Putin bilen, Hamburg, Germaniýa. 7-nji iýul, 2017.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp rus prezidenti Wladimir Putin bilen 2019-njy ýylda, Adalat departamentiniň 2016-njy ýyldaky saýlaw kampaniýasyna Orsýetiň gatyşmagy baradaky derňewi tamam bolandan soň duşuşar diýip, onuň milli howpsuzlyk geňeşçisi aýtdy.

"Prezident prezident Putin bilen indiki ikitaraplaýyn duşuşyk Orsýet arwah awlamasy sowlandan soň geçirilmeli diýip ynanýar we netijede biz onuň birinji ýyldan soň geçirilmegi barada ylalaşdyk” diýip, Jon Bolton 25-nji iýulda çap eden beýanatynda aýtdy.

Tramp 16-njy iýulda Helsinkide Putin bilen geçiren ilkinji sammitinden soň, öz iş başarnygy babatda berk tankyda sezewar boldy. Tankytçylar ony öz aňtaw agentliklerini peseldip, Orsýetiň tarapyny almakda ýazgardylar. Mälim bolşy ýaly, ABŞ-nyň aňtaw agentlikleri Moskwa ABŞ-nyň prezidentlik kampaniýasyna gatyşdy diýen netijä geldiler.

Ýörite geňeşçi Robert Mueller Moskwanyň hereketleri boýunça derňew geçirýär we Tramp toparynyň agzalarynyň rus resmileri bilen dil düwşüp-düwüşmändigini anyklamaga çalyşýar.

XS
SM
MD
LG