Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Aý tutulmasy dünýäniň köp ýerinde göründi


Tutulan aýyň Aşgabatda alnan suraty.

Adamlar 27-28-nji iýulda Awstraliýada, Afrikada, Aziýada, Ýewropada we Günorta Amerikada aýyň doly tutulanyny görjek bolup, asmana tiňkelerini dikdiler. Aýyň bu hili uzak tutulmasy asyrda bir gezek bolýar.

Aýyň reňkiniň goýy gyzyla öwrülmegi bilen, “Ganly aý” diýilýän Gün, ýer we aý gyradeň bir hatara düzülende görünýär we şol pursatda aýa ýeriň kölegesi düşýär.

Aýyň doly tutulmasy 1 sagat 43 minuda çekdi, aý tutulmasy bolsa dört sagat çemesi dowam etdi.

Alymlar aý tutulmasynyň gündogar Afrikada, ýakyn Gündogarda we Ýewropanyň käbir böleklerinde has gowy görnendigini aýtdylar.

Demirgazyk Amerikanyň adamlary bu gezekki aý tutulmasyny görüp bilmediler. NASA bu ýerden görünjek geljekki aý tutulmasynyň 2019-njy ýylyň 21-nji ýanwarynda boljakdygyny aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG