Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Soçi: Orsýet, Eýran we Türkiýe Siriýany maslahat edýärler


BMG-niň Siriýa boýunça ýörite wekili Staffan de Mistura (ç) Orsýetiň Siriýa boýunça gepleşik alyp barýan baş wekili Aleksandr Lawrentiew (s), Astana, 22-nji dekabr, 2017
BMG-niň Siriýa boýunça ýörite wekili Staffan de Mistura (ç) Orsýetiň Siriýa boýunça gepleşik alyp barýan baş wekili Aleksandr Lawrentiew (s), Astana, 22-nji dekabr, 2017

Siriýada parahatçylyk ugrunda Gazagystanda yzygiderli geçirilen gepleşikleriň howandarlary Orsýet, Eýran we Türkiýe 30-31-nji iýulda Orsýetiň Gara deňziň boýundaky Soçi şäherinde duşuşýarlar.

Orsýetiň Daşary işler ministrliginiň 29-njy iýulda habar bermegine görä, gatnaşyjylar Siriýanyň konstitusion komitetiniň döredilmegi, Siriýada döredilen konfliktsiz zonalar bilen bagly meseleleri we gumanitar temalary ara alyp maslahat ederler.

Orsýetiň döwlet gözegçiligindäki TASS täzelikler agentligi orsýet delegasiýasyna ýurduň Siriýa boýunça gepleşik alyp barýan baş wekili Aleksandr Lawrentiewyň baştutanlyk edýändigini habar berdi.

Soçidäki duşuşyga Eýranyň daşary işler ministriniň orunbasary Hossein Ansari we onuň türkiýeli kärdeşi Sedat Onal gatnaşýar. BMG-niň Siriýa boýunça ýörite wekili Staffan de Misturanyň we Iordaniýanyň wekilleriniň bu gepleşiklere gözegçi hökmünde gatnaşýandygyny TASS agentligi habar berdi.

Maglumatda ABŞ-nyň resmileriniň gepleşiklere gatnaşmakdan saklanandygy habar berildi.

Siriýadaky konfliktde dürli taraplary goldaýanTürkiýe, Orsýet we Eýran tarapyndan geçen ýylda Gazagystanyň paýtagty Astanada başlanan gepleşikler prosesi esasan ok atyşygy bes etmek ýaly harby meselelere gönükdirilýär.

BMG-niň baştutanlygynda Ženewada geçirilýän aýra gepleşiklerde syýasy meseleler maslahat edilýär.

XS
SM
MD
LG