Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Harbylaşdyrylan topary derňeýän rus žurnalistleri Afrikada öldürildi


Žurnalistleriň Merkezi öýünde Afrikada öldürilen žurnalistleriň hormatyna gül çemenleri goýuldy, Moska, 31-nji iýul, 2018
Žurnalistleriň Merkezi öýünde Afrikada öldürilen žurnalistleriň hormatyna gül çemenleri goýuldy, Moska, 31-nji iýul, 2018

Orsýetiň Merkezi Afrika respublikasyndaky harbylaşdyrylan guramasynyň alyp barýan işlerini derňeýän üç rus žurnalisti gabawa salyndy we öldürildi diýip, olaryň habar guramasy hem-de ýerli häkimiýetler 31-nji iýulda habar berdiler.

Orsýetiň “Derňew gözegçilik merkezi” (TsUR) atly internet habar guramasy feýsbukda ol žurnalistleriň atlaryny Orhan Jemal, Aleksandr Rastorguyew we Kirill Radçenko diýip tanatdy.

Olar bu ýurda “ChVK Vagner” guramasy– ýüzlerçe hakyna tutulan söweşijini iş bilen üpjün edýän hususy şertnamaçy topar barada dokumental film taýýarlamak üçin barypdyrlar. Bu gurama, aýdylmagyna görä, Ukrainada we Siriýada Kremliň bähbidine gizlin söweş missiýalaryny ýerine ýetiripdir.

Ýerli we halkara media Vagneriň Merkezi Afrika respublikasynda Orsýet bu ýurduň howpsuzlyk güýçlerini ýeňil ýaraglar rbilen üpjün edip, olara tälim bermek üçin ýüzlerçe harby we graždan tälimçini getireli bäri hereket edýändigini habar berdi.

Rus häkimiýetleri Vagner şertnamaçylarynyň öz buýruklaryny ýerine ýetirýändigi barada aýdylýanlary ret etdi.

Bu toparyň Kreml bilen gatnaşyklary gümürtik, emma onuň liderleri Kremliň sylaglaryna mynasyp boldy, hakyna tutulan söweşijiler bolsa, Orsýetiň Goranmak ministrliginiň desgalarynda tälim aldy.

Aýdylmagyna görä, bu gurama Kreml bilen baglabyşykly biznesmen Ýewgeniý Prigožin tarapyndan maliýeleşdirilýär.

Orsýetiň Daşary işler ministrligi 31-nji iýulda bu üç žurnalistiň – Jemalyň, Rastorguýewiň we Radçenkonyň jesetleriniň ýanyndan tapylan dokumentlerini tassyk etdi. Şeýle-de ministrlik olaryň jesetleriniň paýtagt Bangä getirilendigini aýtdy.

Rus sülçüleri bu adamlaryň ölümini derňemek üçin jenaýat işni açandyklaryny aýtdylar.

Banguýden 200 km demirgazyk-gündogarda ýerleşýän Sibut şäheriniň häkimi Henri Depele žurnalistleriň 30-njy iýul güni giçlik öldürilendigini aýtdy. Olaryň sürüjisi hüjümden aman galypdyr.

Sürüjiniň düşündirişine görä, "olar Sibutdan 23 km uzaklykdakalar... jeňňelden ýaragly adamlar çykdy we maşyny oka tutdy. Üç žurnalist bada-bat wepat boldy” diýip, ol “Roýters” habar gullugyna aýtdy.

TsUR-yň beýanatynda žurnalistleriň zorluk-sütem içindäki afrikan ýurduna 27-nji iýulda uçup barandyklary we olar bilen soňky aragatnaşygyň 29-njy iýul güni giçlik bolandygy aýdylýar.

Media guramasynyň redaktorynyň orunbasary Anastasiýa Gorşkowanyň “Dožd” habar gullugyna aýtmagyna görä, žurnalistler howpsuzlyk kompaniýasynyň agzalarynyň ýerleşýän ýerine girmäge synanyşypdyrlar, emma olara munuň üçin ýurduň Goranmak ministrliginden akkreditasiýa almalydyklary aýdylypdyr.

Žurnalistler 30-njy iýulda Bangiden 380 kilometr uzaklykdaky Bambari şäherinde ýerli aragatnaşykçy bilen duşuşmagy planlaşdyrypdyrlar diýip, Gorşkowa aýtdy. Bambari şäherine barýan ýol Sibutyň üstünden geçýär.

Derňewçi media guramasynyň žurnalistleri ozalky tütjar, prezident Wladimir Putine garşy çykany üçin Kreml tarapyndan kompaniýasyny we önümçilik emlägini elinden almak üçin guralan sud seljermelerinden soň 10 ýyl türmede oturan Mihail Hodorkowskiý üçinişleýärdiler.

Hodorkowskiý Putin tarappyndan günäsi geçilenden soň, 2010-njy ýylda ýurdy terk etdi we häzir Ýewropa ýaşap, Putiniň iň ýowuz tankytçylarynyň birine öwrüldi.

TsUR Putiniň ýakyn töweregine degişli uly derejeli adamlaryň ulaşandygy aýdylýan korrupsiýasy barada ençeme derňew işini çap etdi.

51ýaşyndaky Jemal dünýä ýüzünde harby konfliktler barada material taýýarlan sylagly harby žurnalistdi.

47 ýaşyndaky Rastorguyew tanymal dokumenalçydy we Azat Ýewropa/Azatlyk radiosynyň hyzmatdaşydy.

33 ýaşyndaky Radçenko öz işine prožektorçy bolup başlapdy we soňky ýyllarda kameraçy boldy.

XS
SM
MD
LG