Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Para beren söwdegärler galýar, bermedikler bazardan kowulýar”


Köçede gök önümlerini satýan söwdegärler
Köçede gök önümlerini satýan söwdegärler

Türkmenistanda gök-miwe önümleriniň gymmatlamagynyň dowam edýän we türkmen häkimiýetleriniň ýurtda “azyk bolçulygynyň gazanylandygyny” ynandyrmaga synanyşýan mahaly, Daşoguz welaýatynda polisiýa işgärleriniň ýerli ýaşaýjylara bakjalarynda ýetişdiren önümlerini satdyrman, olary bazardan we onuň daş-töwereginden kowmak çäresi dowam edýär.

Azatlyk Radiosy bilen anonim görnüşinde habarlaşan we Daşogzuň “Daýhan bazarynda” ýazgy edilen wideo ýazgyny ugradan daşoguzly çeşmämiz polisiýa işgärleriniň, hususan-da, bazarlarda ownuk gök-miwe önümlerini satýanlary kowýandygyny, sebäbi olaryň käbir beýleki söwdegärler ýaly polisiýa işgärlerine para bermeýändiklerini aýdýar.

“Wideoda köçede köpräk haryt satýan söwdegärler hem bardyr. Olara polisiýa degýän hem däldir. Sebäbi olar polisiýa para berýärler, ownuk söwdegärler bolsa bermeýärler. Şol sebäpli häzir olary bazardan kowmak çäresi edýär. Garyp halk öz bakjasynda ýetişdiren önümlerini getirip, bir-iki şaý edinjek bolýar. Olar bagynda ýetişdiren 3-5 kilogram almanyň ýa-da pomidoryň puluny polisiýa para diýip bersinlermi ýa-da çagalaryna çörek alsyn?” diýip, daşoguzly ownuk söwdegärler bilen söhbetdeş bolan çeşmämiz resmileriň bu çäreler barada hiç hili düşündiriş bermeýändigini aýtdy.

Belläp geçsek, Azatlyk Radiosyna 7-nji awgustda gowşan wideo ýazgyda ýurduň demirgazyk welaýatyndaky “Daýhan bazarynda” polisiýa işgärleriniň aýal satyjylaryň üstüne kemsidiji sözler bilen gygyryp, olara berk daraşýan we bazardan çykaryp kowýan pursatlaryny synlasa bolýar.

Daşoguz: Polisiýa satyjylary bazardan kowýar
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:17 0:00

Azatlygyň söhbetdeşi polisiýa işgärleriniň arasynda korrupsiýanyň zynjyr ýaly sepleşip gidýändigini tassyklap, ownuk satyjylaryň bazarda we onuň daş-töwereginde özlerine deň çemeleşilmezliginiň sebäpleri barada ne bazar administrasiýasyna, ne-de beýleki hukuk goraýjy edaralara ýüzlenip bilýändigini hem sözüniň üstüne goşdy.

“Sebäbi olaryň ýüzlenjek döwlet edarasynyň resmileri hem, ownuk söwdegärleri ýurduň ‘söwda etmek düzgünlerini’ bozmakda, ýagny rugsatnamasyz söwda etmekde aýyplaýarlar. Şeýlelikde, ýene-de kim kösenýär? Bakjasynda ýetişdiren önümlerini satyp, güzeranyny eklemäge çalyşýan adamlar kösenýär” diýip, çeşmämiz belledi.

Azatlyk Radiosynyň ýokarda gürrüňi edilen ýagdaýlar dogrusynda Daşogzuň häkimiýetleri we polisiýa wekilleri bilen habarlaşyp, kommentariýa almak synanyşyklary başa barmady.

Daşogzuň häkimiýetleri ýerli ýaşaýjylara bakjalarynda ýetişdiren önümlerini satdyrmaýan mahaly, şeýle-de möwsümleýin gök-bakja ekinleriniň ýetişýän döwrüne garamazdan, ýurduň bazarlarynda bu harytlaryň bahalary hem günsaýyn gymmatlamagyny dowam etdirýär. Munuň bilen bir wagtda, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň bahalary hem gün-günden ýokarlanýar.

Şol bir wagtyň özünde, döwlet mediasy ýurtda azyk önümleriniň bahalarynyň we durmuşyň yzygiderli gymmatlamagy barada dymyp, munuň deregine, ýurtda “azyk bolçulygynyň üpjün edilendigini” öňe sürýär we halkyň “bagtly, bol-elin durmuşda” ýaşaýandygy barada taýýarlanan reportažlary görkezmegi dowam etdirýär.

XS
SM
MD
LG