Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda azyk önümleriniň, gurluşyk we hojalyk harytlarynyň bahalary ‘telim esse ýokarlandy’


Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda dowam edýän ykdysady ysgynsyzlyk harytlaryň, şol sanda azyk önümleriniň, hem-de gurluşyk we hojalyk harytlarynyň bahalarynyň yzygiderli ýokarlanmagyna getirýär. Bu ýagdaý ilatyň gün-güzeran aýlamagyna oňaýsyz täsir edýär. Bu barada Azatlygyň Daşoguzdaky çeşmesi zerur harytlaryň bahalary bilen bilelikde 31-nji iýulda iberen maglumatynda habar berdi.

“Daşoguzda öndürilýän pagta ýagy welaýatyň bazarlarynda satdyrylmaýar, olar gytalýar. Un hem bazarlarda tapdyrmaýar” diýip, çeşme belledi.

Onuň sözlerine görä, häkimiýetler pagta ýagy bilen bagly dowam edýän gytçylygy pagta çigidiniň ýetmezçiligi bilen düşündirýärler.

“Gymmatçylykdan ozal 1 litriniň nyrhy 10 manatdan bahalanan pagta ýagy häzir 18 manada durýar, ýöne ol diňe hususy dükanlarda, onda-da örän seýrek halatlarda elýeterli” diýip, çeşme aýtdy.

“Orsýetde öndürilen 5 litrlik günebakar ýagy 100-150 manat aralygynda bahalanýar emma muny satyn almaga köp maşgalalaryň gurby çatmaýar” diýip, çeşme sözüne goşdy.

Ol welaýatyň “gara bazarlarynda” dollaryň bahasynyň 18 manat 20 teňňeden 20 manat aralygynda satylýandygyny belledi.

“Şu ýyl jaý gurýan maşgala tas ýok diýen ýaly, her etrapda bolup bilse 10 maşgala jaý gurýandyr” diýip, Daşoguzdaky çeşme her etrabyň ýagdaýlardan habarly ençeme ýaşaýjysyna salgylandy. Ol käbir gurluşyk harytlarynyň geçen ýylky bahalary bilen häzirki nyrhlaryny deňeşdirdi.

“1 kilogram çüý geçen ýyl şu wagtlar 6 manatdy, häzir 67 manat; 3 litrlik jaý boýagy geçen ýyl 26 manatdy, häzir iň arzany 238 manat; bir sany standard gapy geçen ýyl şu döwürler 550 manat töweregindedi, häzir 4000 manat” diýip, çeşme käbir gurluşyk harytlary barada maglumat berdi.

Ol gürrüňe hojalyk harytlarynyň ýokarlanan nyrhlary baradaky maglumatlar bilen dowam edip, durmuş ähmiýetli tehnikalaryň häzirki we öňki bahalary barada jikme-jik habar berdi:

“Ortaça aram holodilnikler geçen ýyl şu wagtlar 1500 manatdy, häzir 12500 manat; 40 wattlyk ortaça kondisioneriň bahasy geçen ýyl 1100 manatdy, häzir şolar 10200 manada durýar. Iň bärikisi, geçen ýyl bahasy 1 manat bolan lampalar, häzir 11 manatdan bahalanýar” diýip, çeşme aýtdy.

Hökümetdäki ýagdaýlardan habarly tanşynyň sözlerine salgylanyp, gürrüňe dowam eden Azatlygyň çeşmesi ýurtdaky işsizligiň derejesi barada käbir maglumatlary berdi.

“Hökümetiň ýagdaýyndan habarly tanşym ýurtda işsizligiň derejesiniň 64 prosentdigini aýtdy. 36 %-i işli ilatyň 20 %-ni organ işgärleri, 10 %-ni mugallymlar, lukmanlar, mehanizatorlar, sürüjiler, tämizlikçiler, demirýolçular, uçarmanlar, garawullar we şuňa meňzeşler, 6 %-ni bolsa telekeçiler we olaryň hyzmatçylary düzýär” diýip, çeşme ýagdaýlardan içgin habarly aşgabatly tanşyna salgylandy.

“Türkmenistanyň halkynyň aglaba böleginiň işsizdigini, işleýän adamlaryň aýlyklarynyň ujypsyzdygyny, bazardaky harytlaryň 1000% çemesi gymmatlandygyny, dollaryň bahasynyň 20 manat töweregindedigini göz öňüne getirip, çen tutsak bizdäki inflýasiýanyň derejesi dünýä boýunça iň öňdäki hatarlarda ýerleşýär. Hökümetdäki ýagdaýlardan habarly aşgabatly tanşym bizdäki inflýasiýanyň 700 % baryp ýetendigini aýdýar, ýöne bizde adamlar hakykaty aýtmaga gorkýarlar” diýip, Azatlyk Radiosynyň ýurduň içindäki çeşmesi belledi.

Ol süzmäniň bahasy bilen gürrüňi jemledi: “1 litrlik süzme 15 manat”

Degişli resmiler ýurduň köpçülikleýin habar serişdelerinde öňe sürülýän maglumatlary tassyklap, ýa-da inkär edip çykyş etmeýär. Hökümeti goldap çykyş edýän habar saýtlary wagtal-wagtal ýurtda bagtyýarlyk zamanasynyň dowam edýändigini, bolçulygyň höküm sürýändigini aýdyp, azyk-harytlardan doldurylan tekjeleriň ýokary hilli suratlaryny okyjylaryna hödürleýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG