Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çeşme: Türkmen türmelerinde bendiler iýjek iýmitini özleri tapmaly bolýarlar


Tussaghana (illýustrasiýa suraty)
Tussaghana (illýustrasiýa suraty)

Türkmenistanyň türmelerinde saklanýan bendileriň döwlet tarapyndan azyk üpjünçiligi kesildi, diýip Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky ygtybarly çeşmesi aýdýar. Onuň sözlerine görä, bu ýagdaý ýurduň Owadandepedäki ýapyk türmesinden başga tussaghanalarynyň ählisine degişli.

Читайте также на русском

"Türmelerde bendileri naharlandyrmak şu ýylyň başyndan başlap doly aýrylypdyr. Indi türmede ýatan raýatlaryň ýakyn hossarlary her aýda bir aýlap iýjek azyklaryny we gerek pullaryny yzyndan eltip bermeli edilipdir" diýip çeşmämiz belleýär.

Munuň öňüsyrasynda Türkmenistanda döwlet tarapyndan azyk üpjünçiliginiň goşunda gulluk edýän esgerler babatynda hem çäklendirilendigi habar berlipdi.

Öz tarapyndan tussaglaryň garyndaşlary bendileriň yzyndan eltilýän iýmitden daşary türme işgärlerine para bermäge özleriniň mejbur edilýändigini aýdýarlar. Azatlygyň habarçysy bilen söhbetdeş bolan özüni Babamyrat diýip tanadan daşoguzly Baýramalynyň türmesinde saklanýan öz inisiniň yzyndan baranda özüniň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary barada gürrüň berdi: "Bendileriň ýakynlaryna her aýda pul tapmak uly problema we munça puly tapyp, yzyndan barandan soň goragda duran organ işgärlerine-de para berip, azyklary türmäniň içine salmaly bolýar".

Babamyradyň tussaglykdaky öz inisine salgylanyp aýtmagyna görä, Baýramaly türmesiniň içinde döwlet dükanynda we naharhanasynda bahalar tussaghananyň daşyndaky nyrhlardan 10 esse ýokary we bendileriň köpüsine elýeterli däl.

"Ol dükanlardaky bahalar häzir azatlykdaky bazar bahasyndan azyndan 10 esse gymmat. Bir çörek 25 manat, bir litrlik "Koka-kola" suwy 60 manat" diýip, söhbetdeşimiz aýtdy. Şol bir wagtda-da, onuň sözlerine görä, türme dükanlarynda spirtli içgiler we çilim satylýar, 0.5 litrlik arak 300 manada we 1 guty çilim 200 manada durýar.

Azatlygyň Türkmenistandaky çeşmeleri, hususan-da Baýramalynyň türmesinde bendileriň ençemesine düşek ýetmän olaryň ýerde ýatýandygyny aýdýarlar, emma bu ýagdaýda türme işgärleriniň bendileriň özleri üçin zerur zatlary pula satyn almaga mümkinçilik döredýändigini belleýärler: "Demir krowatlar türme işgärleri tarapyndan 10 müň manatdan satylýar".

Türkmenistanyň tussaghanalarynda azyk üpjünçiliginiň iňňän ýaramazdygy, hatda arassa agyz suwunyň elýeterli däldigi, tussaglaryň açlykdan saglygyny ýitirýändigi barada öňem ençeme gezek habar berlipdi.

Azatlyk Radiosy bilen 9-njy awgustda söhbetdeş bolan türkmenistanly çeşmelerimiziň biri "Tejen, Baýramaly, Seýdi we Türkmenabat şäherlerindäki türmelerde bendileriň 98% prosenti inçekeselden ejiz çekýär. Keselçilikden ýogalan bendileriň jesetleri öýlerine gelip durýar" diýip habar berdi.

Türkmenistanyň türmelerinde bendileriň azyk üpjünçiliginiň doly kesilendigi barada çeşmelerimiziň beren maglumatyny resmi çeşmelerden tassyklap bolmady.

Türkmenistan türmelerinde saklanýan bendileriň sany we olaryň saklanýan şertleri barada resmi maglumatlary köpçülige mälim etmeýär.

"Adam hukuklaryny boýunça Türkmen inisiatiwasy" we "Türkmenistanyň garaşsyz ýuristleriniň assosiasiýasy" guramalarynyň 2010-njy ýylda çap eden "Türkmenistanyň penitensiar edaralary" atly birinji hasabatynda ýurduň türmelerinde saklanýan bendileriň sanynyň göz öňünde tutulan mümkinçiliklerden üç esse köpdügi, döwletiň her bir tussaga her aýda 7 ýewro möçberinde pul sarp edendigi we tussaghanalarda saklanýanlaryň gürlüginiň Ýewropanyň görkezijilerinden ýedi esse köpdügi aýdylýar. 2017-nji ýylda çap edilen ikinji hasabata görä, Türkmenistanda jemi 22 tussaghana bar, olardan 13 dürli režimli koloniýa, 6 sany derňew izolýatory we 3 sany bejeriş-zähmet edarasy.

Şeýle-de, Türme boýunça barlaglaryň halkara merkeziniň (ICPS) 2017-nji ýyla degişli maglumatlarynda Türkmenistanyň tussaglaryň sany boýunça dünýä ýurtlarynyň arasynda Seýşel adalaryndan, ABŞ-dan we Salwadordan soň dördünji ýerde durýandygy aýdylýar. Maglumata görä, 2017-nji ýylyň sentýabr aýynyň aýagyna çenli Türkmenistanyň türmelerinde 30452 tussag saklanypdyr.

Türkmenistanyň türmeleri tussaglaryň saklanýan şertleriniň ýaramazlygyndan daşary, bendileriň rehimsiz daralmagy, olaryň gynamalara sezewar edilmegi bilen tanalýar. Bendileriň, şol sanda öňki resmileriň tussaglykda ýogalýan ýagdaýlary seýrek däl.

Türkmenistan öz türmelerine halkara gözegçilerini goýbermeýär. Halkara jemgyýetçiliginiň yzygiderli gozgan bu problemasy boýunça türkmen tarapy bilen ençeme ýyllaryň dowamynda geçirilen gepleşikler netije bermedi. 2017-nji ýylda “Halkara Gyzyl haç” guramasy "perspektiwsizligi" sebäpli Türkmenistanyň ýolbaşçylary bilen gepleşikler prosesinden çykmak kararyny yglan etdi.

XS
SM
MD
LG