Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda esger eneleriniň harby bölümlere edýän 'azyk saparlary' köpelýär


Arçman, türkmen esgerleri
Arçman, türkmen esgerleri

Türkmen goşunynda gulluk edýän esgerleriň azyk üpjünçiliginiň yzygiderli peselmegiolaryň barha kän ene-atalaryna ýüz tutmagyna sebäp bolýar we soňky 5-6 aýda ene-atalar watan goragçylaryny bolmanda aýda bir gezek doýagarna naharlamak üçin täze bir usul oýlap tapdylar diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky çeşmesi habar berýär.

Читайте также на русском

Bu usul soňky döwürde esgerleriň ene-atalaryna telefon edip ýa hat ýazyp, özlerinden habar tutulmagyny, bolmasa-da komandirleriniň telefon hasabyna pul geçirmegi haýyş etmeginiň köpelmegi bilen bagly.

Bu maglumat harby gulluga çagyrmagyň ýazky möwsümiň tamamlanyp barýan wagtyna gabat geldi. Aprel, maý, iýun aýlarynda goşuna çagyrylanlaryň köpüsi eýýäm harby kasam kabul etdi we öz gulluk etjek harby bölümlerine geçirildi. Şu döwürde kasam dabaralaryna gatnaşan we soňra oglundan habar tutmaga ýetişen ene-atalaryň birnäçesiniň Azatlygyň habarçylaryna gürrüň bermeklerine görä, esgerleri naharlamak indi olaryň ýakyn hossarlarynyň esasy aladalarynyň biri bolup durýar.

Netijede, ogullary goşunda gulluk edýän ene-atalaryň harby bölümlere edýän “azyk saparlary” ýygjamlaşdy. Aýdaly, ozallar ene-atalar esasan ogullary harby kasam kabul edende ýa bir ýyl-alty aýdan öýde bişirilen gutap-somsadan, tamdyr çöreginden wegowurdakdan ýüklenip, öz ogly bilen bile onuň ýanyndaky gullukdaşlaryny naharlap gaýdan bolsa, indi ýygjamrakdan diňe 3-4 esgeri naharlamak üçin barýar.

Türkmenistanyň goşunyndaky bidüzgünçilikler
please wait

No media source currently available

0:00 0:04:50 0:00

Bu “azyk sapary”, aýdylmagyna görä, şeýle bolup geçýär: Ogly gulluk edýän ene-ata ýola düşmezinden öň oglunyň birnäçe gullukdaşynyň öýüne telefon edýär we jaň edilen ene-atalar oňa öz pasportlaryny getirip berýärler.

Soň ol ene-ata göterip bilen azygyny alyp, oglunyň gulluk edýän ýerine barýar we rota ýa batalýon komandiri bilen gürleşip, öz ogluny hem-de pasportyny beren beýleki ene-atalaryň ogullaryny 3-4 sagat erkinlige goýbermegi haýyş edýär.

“Elbetde, bu haýyşy bitirýän ofiser her esger üçin öz nyrhyny aýdýar we berlen muzdy çekinmän alýar, türkmen goşunynda kireýsiz kilim kakylanok” diýip, ene-atalar gürrüň berýär.

Soňra ene-atalar rugsat alan esgerlerini harby bölümleriň golaýynda resmi däl myhmanhana öwrülen öýleriň birine alyp baryp, şol ýerde naharlaýarlar. Has anygy, olar harby bölümlere barmazdan öň, ozal beýleki ene-atlardan alan adresleri esasynda, bir otagyny 3-4 sagatlyk ulanmaga berýän ýerli hojalyklar bilen gürleşýärler we elten azyklaryny şol ýerde goýýarlar diýip, Azatlygyň çeşmesi aýtdy.

Şeýle-de ol ene-atalaryň esgerleri ofiser bilen gürleşip, şähere gezelenje hem çykaryp bilýändigini, bu ýagdaýda olar üçin bolýan öýlerinden kireýine sport eşiklerini alýandygyny sözüne goşdy.

Esgeri alyp gaýdan ene-ata diýlen wagtda, 3-4 sagatdan soň olary yzyna eltip, degişli ofiserine elin tabşyryp gaýdýar, soňra esger naharlamak gezegi beýleki ene-atalaryň üstüne geçýär, esasy alada oglanlaryň uzak wagtlap aç galmazlygy diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran aşgabatly eneleriň biri gürrüň berdi. Şeýle-de ol harby bölümleriň ýanynda otaglaryny kireýine berýän hojalyklardan razydygyny, ýerli adamlaryň ýagdaýa düşünýändigini we eglişik edýändigini aýtdy.

Azatlygyň habarçysy bilen anonim şertde gürleşen ene-atalaryň tassyklamagyna görä, harby bölümlere edilýän azyk saparlary gitdigiçe köpçülikleýin häsiýete eýe bolýar, sebäbi bir esgeriň yzyndan adam barsa, beýleki esgerler hem kemsinip, öz ene-atalaryna habar edýärler.

Şeýle-de ene-atalar esgerleriň yzyndan azyk gatnatmagyň beýle aňsat iş däldigini, sebäbi hemişe awtobusa ýa otla bilet tapyp bolmaýandygyny, ýollaryň ýaramazdygyny, eliň goşly bolsa, ýol azabynyň has-da agralýandygyny gürrüň berýärler.

Azatlyk radiosynyň çeşmesi azyk saparlarynyň esasy köp edilýän harby bölümleriniň atlaryny bilýär, ýöne ogullaryny aç galdyrmazlyk tagallasyny edýän ene-atalaryň bu mümkinçilikden hem kesilmezligi üçin, olar aýtmakdan saklanmagy makul bildi.

Şu aralykda Azatlyga gowşan başga bir habara görä, soňky iki ýylyň dowamynda ýokary klas okuwçylaryny mekdebi tamamlamanka goşun gullugyna almak gürelýär.

“Türkmen häkimiýetleri bu çäräni raýatlaryň köpçülikleýin migrasiýasynyň öňüni almak üçin görýärler” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi aýtdy.

XS
SM
MD
LG