Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Medwedew ABŞ-nyň sanksiýalaryna ‘ykdysady uruş’ hökmünde serediler diýdi


Orsýetiň premýer-ministri Dmitriý Medwedew
Orsýetiň premýer-ministri Dmitriý Medwedew

Orsýetiň premýer-ministri Dmitriý Medwedew Birleşen Ştatlar Orsýetiň banklaryna ýa olaryň belli bir walýutany ulanmagyna gadaganlyk girizse, Moskwa muňa “ykdysady uruş yglan etmek” diýip garap, “ykdysady, syýasy ýa gerek bolan halatynda beýleki serişdeler bilen” gaýtawul berer diýdi.

Medwedew bu berk beýanaty, Birleşen Ştatlar täze sanksiýalar tapgyryny girizjekdigini yglan edeninden we amerikan kanunçykaryjylary täze çäreleriň girizilmegini, şol sanda Orsýetiň döwlet eýeçiligindäki birnäçe bankynyň işlerini we olaryň amerikan dollaryny ulanmagyny çäklendirmegi teklip edenlerinden soňra, ýagny 10-njy awgustda etdi.

Medwedew jikme-jik gürrüň etmese-de, onuň “beýleki serişdeler” diýýäni Orsýetiň harby güýç ýa-da kiber hüjümleri ýaly urşuň başga formalaryny ulanmagynyň mümkindigini görkezýäne meňzeýär.

“Men geljekki sanksiýalar hakda beýanat bermekçi däl, ýöne diňe bir zady aýdyp bilýärin. Banklara, ýa bir walýuta ýa-da başga walýuta gadaganlyk girizilse, onda muny tutuşlygyna göni ykdysady uruş yglan etmek diýip atlandyrmak mümkin” diýip, Orsýetiň premýer-ministri Kamçatka ýarym adasyna eden saparynda aýtdy.

Medwedew: “Onsoň muňa ... bu urşa ykdysady, syýasy, ýa gerek bolan halatynda beýleki serişdeler bilen reaksiýa görkezmeli bolar. Biziň amerikaly dostlarymyz muňa düşünmelidirler” diýdi.

‘Dowzahyň sanksiýalar kanuny’

Medwedewiň bu ýerde salgylanýany 2-nji awgustda iki partiýanyň-da senatorlaryny, şol sanda respublikan senator Lindsaý Grahamy-da öz içine alýan bir topar tarapyndan teklip edilen kanun taslamasydyr.

Graham bu teklibi goldaýanlar “Orsýet Amerikanyň saýlaw proseslerine garyşmagy bes edýänçä, amerikan infrastrukturasyna edýän kibir hüjümlerini togtatýança, Ukrainadan çekilýänçä we Siriýada garym-gatymlyk döretmek işini bes edýänçä, Putiniň Orsýetine garşy owradyjy sanksiýalaryň girizilmegini isleýärler” diýdi.

Grahamyň “dowzahyň sanksiýalar kanuny” diýýäniniň kabul edilip-edilmejekdigi belli däl.

Sebäbi amerikan Kongresiniň agzalary sentýabrdan bärde dolulygyna Waşingtona dolanyp gelmez. Habar gullugy “Reuters” hem Kongresiň kömekçilerine salgylanyp, bu çäreleriň hemmesiniň tutuşlygyna kabul edilmegine garaşylmaýandygyny aýtdy.

Ýöne 8-nji awgustda Orsýetiň gündelik gazeti “Kommersant” kanunyň doly teksti diýýänini çap edeninden soňra Orsýetiň puly rubl aşaklap ugrady. 9-njy awgustda ABŞ-nyň Döwlet departamenti öňki rus içalysy Sergeý Skripal bilen onuň gyzynyň mart aýynda Britaniýada zäherlenmegine jogap edip, Orsýetiň garşysyna täze sanksiýalaryň girizjekdigini mqlim edeninden soňra rubl ýene-de aşaklady.

Amerikan resmileriniň bellemegine görä, sanksiýalaryň 22-nji awgust töwereginde güýje girjek birinji tapgyrynda möhüm inçe amerikan tehnologiýasynyň we senagat enjamlarynyň eksport rugsady nyşana alynýar.

Gerimi has giň bolan ikinji tapgyr bolsa, Moskwa mundan beýläk özüniň himiki ýaraglary ulanmajakdygy hakda 90 günüň içinde ynamdar subutnama bermän halatynda güýje girer.

Kremliň metbugat wekili Dmitriý Peskow täze sanksiýalary “asla kabul ederlikli däl” we “bikanun” diýip atlandyrdy.

Orsýetiň Daşary işler ministrliginiň sözçüsi Maria Zaharowa hem Birleşen Ştatlary Orsýeti “melgun edip görkezmäge” synanyşmakda aýyplap, Moskwa “bu dostluksyz herekete” jogap bermäge taýýarlanar diýdi. Ýöne ol bu barada başga maglumat berenok.

XS
SM
MD
LG