Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýedäki türkmen migrantlary wiza jerimesini nädip tölemeli we kanuny ýagdaýa geçmeli?


Türkiýäniň "Türkpermit' hukuk firmasyna ýüz tutan türkmen migrantlary hukuk geňeşçisi Myrat Erşahin (çepden ikinji) bilen.

Türkiýäniň statistika hasabatlaryna laýyklykda, 2017-njy ýylda bu ýurtda 42 müň 841 türkmenistanly, 15 müň 878 erkek, 26 müň 963 zenan resmi hasaba alnypdyr.

Türkiýede wizasyz, bikanun ýaşaýandyklaryny aýdýan türkmen migrantlary esasan öz tölemeli jerimeriniň möçberini bilmek isleýändiklerini aýdýarlar.

Azatlyk Radiosynyň "Dünýä türkmenleri“ gepleşiginiň bu sanyny diňleýjileriň islegleri esasynda, Türkiýedäki wizasyz, bikanun türkmen migrantlarynyň jerime ýagdaýlaryna we kanuny çykalgalaryna gönükdirýär.

Gepleşigi diňläp, bu ugurdaky öz tejribeleriňizi ýa-da garaýyşlaryňyzy aşakdaky foruma teswir görnüşinde ýazyp bilersiňiz.

Türkiýedäki türkmen migrantlary wiza jerimesini nädip tölemeli we kanuny ýagdaýa geçmeli?
please wait

No media source currently available

0:00 0:10:00 0:00

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG