Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebap: Türkiýedäki migrant gyzlaryň yzyna dolanmagy üçin tagalla edilýär


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Lebap welaýatynyň käbir etraplaryndaky ýerli häkimiýetler 6-njy martda arçynlyklarda ýörite ýygnaklar geçirip, howpsuzlyk gullugynyň üsti bilen Türkiýä işlemäge gidip, 3 ýylyň dowamynda öýüne dolanmadyk, ylaýta-da, käbir gyz maşgalalaryň hossarlaryna olary yzyna getirmegi üçin, basyş etmäge başlandygy aýdylýar.

Читайте также на русском

Anonim ýagdaýda Azatlyk Radiosyna maglumat beren Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň bir ýaşaýjysynyň aýtmagyna görä, ýerli häkimiýetler onuň Türkiýede zähmet migranty bolýan öz gyzy bilen gyz jigisini yzyna getirmegi üçin töwella edip, onuň daşary ýurt pasportyny 15 günüň dowamynda almagyna we Stambula gyssagly uçmagyna ýörite kömek edipdirler.

"Etrabyň resmileri howpsuzlyk gullugy we organ işgärleriniň üsti bilen türkde işleýän gyzlarymyzyň yzyna getirilmegini talap etdi. Olar eger gyzlar yzyna dolanyp gelmese ‚administratiw çäräniň’ görüljegini aýtdylar. Bu ýagdaý diňe biziň başymyza gelmedi. Dürli obalarda ýaşaýan tanyş-bilişlerimizi hem bu ugurda ýörite arçynlyklarda geçirilen ýygnaklara çagyryp, Türkiýede işleýän gyzlaryny eýdip-beýdip yzyna getirmegini sorap, bolmasa ynjalyk berilmejegini bildiripdirler. Ylaýta-da, Türkiýede 3 ýyldan köp wagtlap işleýän gyz maşgalalaryň yzyny şeýle berk ýagdaýda idäp başladylar“ diýip, Çärjew etrabynyň ýaşaýjysy Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, ýaşaýjylar munuň sebäbini soranda, resmiler olara hiç hili düşündiriş bermän, eger türkde işleýän migrant gyzlar yzyna dolanmadyk halatynda, olaryň ähli hak-hukugyny ýitirjegini we Türkmenistanyň raýatlygyndan çykaryljagyny nygtapdyrlar.

“Häzir Çärjew etrabynda daşary ýurtlarda işleýän zähmet migrantlarynyň öýlerine ýekeme-ýeke aýlanyp, olary sorag-ideg edip ýörler. Men gyzymy alyp geljek, eger yzyna dolanmakdan ýüz öwürse, onda ondan ýörite dilhaty alyp size getirip berjek diýip, etrabyň polisiýa bölümine dilhaty goýup Stambula gaýtdym. Etrap polisiýa bölümi iň azyndan 2-3 aýdan bärde berilmeýän daşary ýurt pasportyny hem iki hepdä galman taýýarlap elime berdi" diýip, Çärjew etrabynyň ýaşaýjysy aýtdy.

Howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli adynyň efirde agzalmazlygyny sorap, Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan Lebap welaýatynyň käbir arçynlyklarynyň ýaşaýjylary hem şeýle maglumatyň dogrudygyny tassyklap, arçynlyklarda geçirilen ýygnaklarda "Gyz çagalaryňyzy getiriň bäri. Yzyna gelmeýänlere berk çäre görler" diýlip, aýdylandygyny gürrüň berdiler.

Türkiýede işläp ýören lebaply käbir zähmet migrantlary hem ýerli häkimiýetleriň öz hossarlaryna şeýle görnüşde basyş edýändigini we özleriniň yzyna dolanmagy üçin, guramaçylykly tagallalara başlanandygyny aýtdylar. Olar Türkmenistanda täsiri barha ýiti duýulýan ykdysady krizis, işsizlik we gytçylyklar barka, Türkiýä eklenç üçin gelen zähmet migrantlarynyň köpüsiniň diýen ýaly ähli basyşlara garamazdan, yzyna dolanmajagyny öňe sürýärler.

Belläp geçsek, Türkiýe türkmenistanly zähmet migrantlarynyň ýykgyn edýän esasy ýurdy bolup durýar. Türk metbugatynda türkmenistanly zähmet migrantlary barasynda yzygiderli maglumat berilýän bolsa, Türkmenistanyň döwlet gözegçiligindäki metbugatynda migrantlar barasynda hiç hili söz aýdylmaýar.

Şol bir wagtyň özünde Azatlyk Radiosyna degişli türkmen resmilerinden, türkmenistanly zähmet migrantlarynyň ykballary barasynda nähilidir bir kommentariýa almak hem başartmaýar.

XS
SM
MD
LG