Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Etsiz süňk we beýleki et önümleri gymmatlady


Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda ykdysady kynçylyklaryň barha ýiti duýulýan döwri, Aşgabatda et önümleriniň bahasy soňky 10 günüň dowamynda ortaça 50% ýokarlandy we olaryň käbir görnüşleri gytaldy.

Türkmenistanda bolup geçýän täzelikler we wakalar bilen ýakyndan gyzyklanýan synçy Amanmyrat Bugaýewiň tassyklamagyna görä, olaryň arasynda sygyr we goýun etleri, şeýle-de ýurduň içinde we daşynda öndürilen towuk etleri bar.

“Mundan bir hepde ozal towuk budunyň 1 kilogramy 22-24 manat aralygyndady, häzir 30-32 manada çykypdyr. Towugyň döşi 25-27 manatdy, häzir olar 35-37 manatdan satylýar. Ýöne bellemeli ýeri, indi bulary hemme ýerde tapyp hem bolanok, olar gytalyp ugrady. Käbir bazarlarda Türkmenistanyň guş toplumlarynyň söwda nokatlary bar, diňe şol ýerlerden tapyp bolýar” diýip, Bugaýew belleýär.

Ol mundan bir hepde çemesi ozal döwlet dükanlarynda 1 kilogramy 8 manatdan satylan daşary ýurtlarda öndürilen towuk etini häzir diňe hususy eýeçilikdäki dükanlardan satyn alyp bolýandygyny we onuň bahasynyň 15 manada ýokarlandyrylandygyny hem sözüniň üstüne goşdy.

Şeýle-de, Aşgabadyň “Bagtyýar” we “Ruhybelent” ýaly hususy eýeçilikdäki söwda marketlerinde jylka sygyr etiniň 1 kilogramynyň bahasy 36 manada barabar bolan bolsa, häzir 42 manatdan satylýar.

Galyberse-de, soňky aýlarda maddy taýdan ýeter-ýetmez maşgalalaryň gyzgyn nahar bişirmek üçin esasy önümleriniň birine öwrülen etsiz süňküň bahasy hem tas iki esse gymmatlady diýip, Bugaýew sözüni şeýle dowam etdirýär:

“Daşynyň eti aýrylan, gaýnadylyp çorba edilýän süňkler hem garyp öýüň mydarydy. Mundan bir aý ozal hem şolaryň 1 kilogramynyň bahasy 1,20 - 1,50 manatdandy, indi 2,50 - 2,70 manada çykarylypdyr. Olaryň daşynda ýeke gram et ýok” diýip, Bugaýew belledi.

Mundanam başga, Aşgabadyň bazarlarynda we hususy eýeçilikdäki dükanlarda bir aý çemesi arakesmeden soň, ýurduň daşynda öndürilen Coca-cola önümleri gaýtadan satuwa çykarylyp, onuň bahasy hem öňküsinden 50% ýokarlandy.

“Geçen ýekşenbe gününden başlap coca-cola bazarlarda-da, hususy dükanlarda-da görnüp ugrady. Ýöne onuň Orsýetde öndürilen 1,5 litrlik gaba gaplanany 45 manatdan satylýar. Oňa birbada ynanybam bolanok. Öňki 45 manatmy? diýseň, ‘Ýok, täze pulda 45 manat’ diýýärler. Ol mundan bir, bir ýarym aý ozal 25-30 manatdan satylýardy” diýip, synçy Bugaýew gürrüň berdi.

Türkmenistan häzirki döwür agyr ykdysady kynçylyklary başdan geçirýär. Ýylyň başynda aýlyklar, kömek pullary, pensiýalar, talyp haklary 10% ýokarlandyrylan bolsa, şondan bäri azyk we senagat harytlarynyň bahasy azyndan 100% gymmatlady.

Galyberse-de, soňky aýlarda ýurtda un, şeker we ösümlik ýagy ýaly käbir azyk harytlarynyň gytçylygy hem dowam edip, bu önümleri satyn almak üçin ýaşaýjylaryň gijeden nobata durmak çäresi henizem dowam edýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG