Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow Soçide Putin bilen duşuşdy


Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen 2017-nji ýylyň 2-nji oktýabr güni Aşgabatda duşuşýar. Arhiwden alnan surat

Şu gün Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Soçidäki rezidensiýasynda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşdy diýip, “Interfaks” habar berýär.

Читайте также на русском

Habarda mälim edilmegine görä, Putin Berdimuhamedowa ikitaraplaýyn özara bähbitleri gyzyklandyrýan meseleleri resmi däl görnüşde ara alyp maslahatlaşmagy teklip etdi:

“Siziň hem teklip edişiňiz ýaly, biz duşuşygy resmi däl görnüşde, ikiçäk oturyp, ikitaraplaýyn gatnaşyklarda özara gyzyklandyrma bildirýän meseleleri ara alyp maslahatlaşýarys” diýip, Putin aýtdy.

Rus prezidenti ykdysady, sosial, ynsanperwerçilik ugurlary boýunça, şeýle-de halkara gatnaşyklardaky meseleleri ara alyp maslahatlaşmagy teklip etdi. “Bu ugurda biziň pozisiýamyz, diplomatlaryň dili bilen aýdylanda, ýakyn ýa-da iş ýüzünde gabat gelýär. Biz birek-birek bilen örän ýakyn we netijeli işleşýäris” diýip, Putin duşuşykda belledi.

Öz gezeginde Berdimuhamedow duşuşyk üçin minnetdarlyk sözlerini aýtdy. Ol Orsýet bilen Türkmenistanyň strategiki hyzmatdaşdygyny nygtady.

“Hiçden giç ýagşy diýýärler, pursatdan peýdalanyp, sizi Futbol boýunça Dünýä çempionaty 2018-iň ýokary derejede geçirilmegi bilen gutlaýaryn” diýip, Berdimuhamedow Putine ýüzlendi.

Şeýle-de, duşuşygyň barşynda Berdimuhamedow Putiniň dünýä arenasynda, hususan-da howpsuzlyk boýunça uly iş bitirýändigini aýdypdyr. Bular barada “Interfaks” habar gullugy maglumat berdi.

Putin halkara jemgyýetçiliginde, hususan-da Günbatar ýurtlarynda, Orsýetiň Krymy anneksiýa etmegi, şeýle-de ýurtda adam hukuklarynyň ýagdaýy bilen bagly repressiw howa döretmekde ýiti tankyt edilýär.

“Interfaksyň” habarynda aýdylmagyna görä, türkmen prezidenti Putin bilen geçirilýän duşuşykda ýüze çykýan halkara tendensiýalary, söwda-yksadyýet hem-de ynsanperwerçilik ugurlary boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşmagy teklip etdi.

Duşuşykdan ozal, žurnalistleriň öňünde eden çykyşynda Kremliň metbugat wekili Dmitri Peskow energiýa meseleleriniň hem ara alyp maslahatlaşyljakdygyny mälim edipdi.Häzrlikçe iki lideriň duşuşygynda energiýa meseleleriniň gozgalyp gozgalmaýandygy nämälimliginde galýar.

14-nji awgustda Kremliň metbugat gullugy iki ýurduň prezidentleriniň arasynda geçiriljek duşuşyk barada habar beripdi.

15-nji awgustda Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Soçide Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşýar diýip, Kremliň metbugat gullugy düýn habar berdi.

Читайте также на русском

Habarda aýdylmagyna görä, duşuşykda iki ýurduň döwlet baştutanlary ýurtlaryň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady, ylym-bilim, medeni-ynsanperwerçilik ugurlarynda, şeýle-de aktual regional problemalar boýunça iki taraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm meselelerine gararlar.

Reuters habar gullugy şu gün Kremliň metbugat wekili Dmitri Peskowa salgylanyp, geçiriljek duşuşykda iki lideriň “energiýa gepleşiklerini maslahatlaşmagynyň mümkindigini” aýtdy.

“Interfaksyň” habaryna görä, duşuşykda, eýsem, Orsýetiň Türkmenistan bilen gaz söwdasynyň täzeden dikeldilmegi, şeýle-de Trans-Hazar gazgeçirijisiniň gurluşygy ýaly meselelere garalyp garalmajakdygy barada özüne berlen soraga Kremliň metbugat sözçüsi “energiýa meselelerine seredilmegi mümkin” diýip, umumy jogap berdi.

“Türkmen prezidenti bilen geçiriljek gepleşiklerde tutuş ikitaraplaýyn gatnaşyklar ara alnyp maslahatlaşylar. Şol sanda energiýa meselelerine-de garalmagy mümkin” diýip, Peskow Orsýetiň “Interfaks” agentliginiň maglumatynda sitirlendi.

Türkmen hökümetine ýakynlygy bilen tanalýan “Media – Turkmen” maglumat agentliginiň orient.tm saýtynda saparyň mazmuny barada gürrüň edilip, iki lideriň duşuşygynda Hazarýaka döwletleriniň V sammitinde gozgalan meselelere garalmagyna garaşylýandygy habar berildi.

“Prezidentler Sammitde gazanylan ylalaşyklary durmuşy geçirmek ugrunda anyk ädimleri ara alyp maslahatlaşarlar” diýip, düýn “Media-Turkmen” informasiýa agentligi ýazdy.

Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki maglumat serişdelerinde Berdimuhamedowyň Orsýete etjek sapary barada öňünden maglumat berilmedi.

Berdimuhamedow bilen Putin beýleki üç hazarýaka döwletiň baştutanlary bilen bir hatarda 12-nji awgustda Gazagystanyň Aktau şäherinde geçiren V Kaspi sammitine gatnaşdy. Onda Hazaryň hukuk derejesini kesgitleýän Konwensiýa gol çekildi.

Energiýa boýunça bilermenler, Konwensiýanyň Trans-Hazaryň gurluşygyna diňe Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň ikitaraplaýyn ylalaşyk esasynda girişmäge ýol açýandygyny aýdýarlar.

Putiniň 2017-nji ýylyň 2-nji oktýabr güni Aşgabada eden saparynyň dowamynda Türkmenistan bilen Orsýetiň arasynda “Strategik hyzmatdaşlyk” boýunça Şertnama gol çekildi.

Şondan soň geçen döwrüň dowamynda iki ýurduň kanun çykaryjy organlary bu şertnamany tassyklady.

Hazarýaka döwletleriniň V sammitinden bir gün ozal, Türkmenistanyň hem-de Orsýetiň daşary işler ministrleri Meredow bilen Lawrow 11-nji awgustda Aktauda geçiren duşuşyklarynda “Strategik hyzmatdaşlyk” şertnamasyny taraplaryň kanunçylygynyň tassyklandygyna güwä geçýän resminamany birek-birege gowşurdylar. Şeýlelikde, iki ýurduň arasyndaky “Strategik hyzmatdaşlyk” şertnamasy 11-nji awgustda, Kaspiniň kanuny statusynyň kesgitlenmeginden bir gün ozal güýje girdi.

Mundan ozal, Putin bilen Berdimuhamedow 2017-nji ýylyň 11-nji oktýabr güni Soçide, 2-nji oktýabr güni Aşgabatda duşuşypdy. Soçide geçirilen duşuşykda prezident Berdimuhamedow “wepalylygyň” simwoly hökmünde Putiniň doglan gününe gabatlap, oňa türkmen alabaýyny sowgat beripdi.

Iki ýurduň arasyndaky gaz söwdasy 2016-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap Orsýetiň “Gazprom” kompaniýasynyň türkmen gazyndan ýüz öwürmegi bilen bes edildi.

Geçen aý Orsýetiň energiýa ministriniň orunbasary Anatoliý Ýanowskiýniň Türkmenistan bilen aradaky gaz söwdasynyň täzeden dikeldilmek ähtimallygy barada aýdan sözleri rus metbugatynda peýda boldy.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG