Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Awtorallä görülýän taýýarlyklaryň çäginde ýollar ýapylýar, yssy howada ýaşaýjylar kösenýär


Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda “Amul-Hazar 2018” halkara awtorallisine görülýän taýýarlyklar zerarly ýüzlerçe adamyň hereket mümkinçilikleriniň çäklendirilmegi we munuň bilen baglanyşykly ilatyň ýüzbe-ýüz bolýan bökdençlikleri dowam edýär.

Belläp geçsek, şu ýylyň 9-14-nji sentýabry aralygynda geçiriljek awtomobil ýaryşyna “taýýarlyk çäreleri” diýlip, indi geçen aýyň ahyryndan bäri ýurduň dürli welaýatlarynda sport çäreleri geçirilýär.

Şeýle sport çäreleriniň iň soňkusy geçen ýekşenbe güni Balkan welaýatyna baryp ýetip, munuň bilen baglanyşykly welaýatyň, şeýle-de şäherdir etraplaryň arasyndaky ýollaryň käbiri duýdansyz 6-10 sagada çenli ýapyldy.

“Ýekşenbe we duşenbe günleri Aşgabat-Türkmenbaşy asfalt ýoly ýapylan bolsa, ondan soňky günlerde Balkan welaýatyndaky ýollaryň ençemesiniň bölekleýin ýapylmagy henizem dowam edýär. Häzir tomsuň jokrama yssysynda awtoulagly adamlar ýol açylýança, ençeme sagatlap günüň aşagynda garaşmaly bolýar. Ýolda kölege-de, saýaly agaçlar ýok, çaý, suw almak üçin çaýhanalar hem ýok. Käbir awtoulagly ýolagçylar bolsa, ýoluň ýarysyny geçensoň, yzyna dolanmaly boldy. Birgiden kösençlik” diýip, Türkmenistanda bolup geçýän täzelikler we wakalar bilen ýakyndan gyzyklanýan Aşgabatda ýaşaýan synçy Amanmyrat Bugaýew gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, ýurduň resmi media serişdelerinde haýsy ýollaryň ýapyljakdygy, şeýle-de olaryň haçan we näçe sagadyň dowamynda ýapyk boljakdygy barada öňünden bildiriş hem edilmeýär.

“Türkmenistanda bir welaýatdan beýleki bir welaýata ýa-da şähere barmak üçin, adatça, diňe bir ýol bar. Meselem, Aşgabatdan Türkmenbaşa gideniňde, ‘Bu ýol ýapyk eken, kiçi ýollardan gideýin’ diýip bilmeýäň. Şonuň üçin ýol ýapyk bolsa, goşmaça ýoldan gitmegi maslahat berýän ýol belgileri hem ýok” diýip, Bugaýew nygtady.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow

Balkanly ýa-da bu welaýata sapar edýän ýolagçylaryň ýüzbe-ýüz bolýan bökdençliklerini ýakynda Daşoguza sapar edýän türkmenistanlylar hem başdan geçiripdi.

Geçen hepde “Amul-Hazar” awtorallisine görülýän taýýarlyk işleri bilen baglylykda, Daşoguz-Aşgabat awtomobil ýolunda ulag gatnawy togtadylypdy. Bu bolsa, gyssagly Aşgabada gitmek zerurlygy ýüze çykan adamlara, hususan-da näsaglara, ýokary okuw jaýlaryna girmek üçin paýtagtda ekzamen tabşyrmaly ýaşlara uly kynçylyklary döredipdi.

Maglumat üçin aýtsak, Türkmenistanda “Amul-Hazar 2018” halkara awtorallisine görülýän “taýýarlyk çäreleriniň” çäginde ýüzlerçe sportsmen ýurduň dürli welaýatlarynda kesgitlenen aralygy ylgap ýa-da welosipedli geçýär.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Amuldan Hazara çenli aralykda umumy uzynlygy 1500 kilometrden gowrak bolan halkara awtorallini geçirmek teklibini ilkinji gezek geçen ýylyň noýabr aýynda edipdi. Şol ýylyň dekabrynda bolsa, ol bu teklibiniň üstüne weloýöriş, ylgaw ýaryşlary geçirmek teklibini hem goşdy.

Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň şu ýylyň 12-nji ýanwarynda geçirilen mejlisinde “Amul-Hazar 2018” atly halkara awtoralli, welosiped we ylgaw ýaryşlaryny geçirmek boýunça guramaçylyk topary döredildi hem-de onuň düzümi tassyklanyldy.

Şonda Türkmen döwlet habarlar (TDH) gullugy Berdimuhamedowyň bu karara “ýurduň halkara sport abraýyny has-da belende götermek maksady bilen” gol çekendigini habar beripdi. Emma maglumatda bu halkara ýaryşlaryny geçirmek üçin näçe maliýe serişdesiniň sarp ediljekdigi we onuň döwlet býujetine näçä düşjekdigi aýdyňlaşdyrylmady.

Türkmenistan geçen ýyl hem ýurduň býujetine milliardlarça amerikan dollaryna düşen halkara ýaryşy - Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçiripdi. Ekspertler bu sport ýaryşlarynyň Türkmenistanyň öz garaşsyzlygyna eýe bolany bäri iň agyr ykdysady kynçylyklary başdan geçirýän döwrüne gabat gelendigini aýdýarlar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG