Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezident awtoulag ýaryşy bilen ýurda 'täze durmuşyň gelendigini' görkezmek isleýär


Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow rul başynda. Arhiw suraty.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow rul başynda. Arhiw suraty.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 22-nji noýabrda Aşgabatdaky awtomobil sporty merkezine baryp, täze satyn alnan ýaryş awtomobillerini synagdan geçirdi diýip, döwlet eýeçiligindäki TDH habar gullugy ýazýar.

Neşiriň maglumatyna görä, prezident maşyn synagyndan soň içeri işler ministri Isgender Mulikowa Türkmenistanda halkara awtomobil ýaryşyny gurnamagy tabşyrdy.

Şeýle-de neşir Berdimuhamedowyň Amuldan Hazara çenli geçiriljek awtoralli ýaryşynyň “badalga we pellehana nokatlaryny kesgitländigini” habar berýär.

Bu ýaryşa gatnaşyjylar, habarda aýdylmagyna görä, “düýpli durmuş-ykdysady özgertmeler, ylmy-tehniki ösüş” we ýurduň “sebitleriniň senagatlaşdyrylmagy bilen täze durmuşyň gelendigini” görmeli.

Türkmen prezidentiniň bu ideýasy Aşgabatda milliardlarça dollar çykarylyp geçirilen "Aşgabat-2017" tamamlanaly bäri iki aý hem geçmänkä orta atyldy. Şol bir wagtda ekspertler Türkmenistanyň garaşsyzlyk ýyllaryndaky iň agyr ykdysady krizisini başdan geçirýändigini aýdýarlar.

Bu ýagdaý ýurtda 1990-njy ýyllaryň başyndan bäri ilata ýeňillikli bahadan berilýän elektrik togy, tebigy gaz we suw ýaly harytlaryň hem hyzmatlaryň täze tarifleriniň girizilmegine, sosial ýeňillikleriň ýatyrylmagyna alyp geldi. Ýurt içinden gelýän habarlarda aýdylmagyna görä, bu çäreler dollaryň gara bazar kursunyň barha gymmatlamagy, bazarlardaky harytlaryň bahasynyň yzygiderli ýokarlanmagy bilen utgaşdy.

Ikinji tarapdan, prezidentiň halkara maşyn ýaryşy baradaky ideýasyHalkara walýuta fondunyň golaýda Aşgabatda bolan ekspertleriniň ýene bir gezek döwlet inwestisiýalaryny azaltmak maslahatyny bermeginiň yz ýanyna gabat geldi.

Türkmen hökümetiniň tankytçylarynyň pikirlerine görä, ýurtda dörän ykdysady kynçylyklar diňe nebit-gaz nyrhlarynyň global arzanlamagy bilen däl-de, eýsem, prezident Berdimuhamedowyň ideýalary we goldamagy esasynda durmuşa geçirilýän uly çykdajyly proýektler, sport we köpçülik çäreleri bilen hem bagly.

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň ozalky başlygy Hudaýberdi Orazowyň pikirine görä, Türkmenistan hakykatdanam ösen ýurt hökmünde tanalmak isleýän bolsa, "onda gapylary ýapman, hem daşary ýurtlular, hem öz ilaty üçin ýurdy açmaly".

Şwesiýada ýaşaýan türkmen ykdysatçysy golaýda geçirilen Aziýa oýunlarynyň öňünden hem şunuň ýaly gürrüňleriň edilendigini belledi.

Emma olardan gelen peýda garanda ýurda we halka ýetirilen maddy zyýan has uly boldy, adamlaryň, hususan-da okaýan ýaşlaryň uly wagty ogurlandy” diýip, Orazow Azatlyk radiosy bilen söhbetdeşlikde indiki ýaryşlaryň hem agramynyň halka, ýurda düşjekdigini ýatlatdy.

Türkmenistanyň awtomobil sporty merkezi 2013-nji ýylyň sentýabr aýynda açyldy we şonda bu toplumda geçirilen ilkinji ýaryşlaradöwlet baştutany hem gatnaşdy diýip, TDH-nyň habarynda nygtalýar.

XS
SM
MD
LG