Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň neşirleri Trampyň 'metbugat azatlygyna hüjüm' etmegine garşy çykyş edýärler


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp

ABŞ-nyň 330-dan gowrak neşri 16-njy awgustda metbugat azatlygyny goldaýan maglumatlary çap etdiler. Olaryň bu hereketi prezident Donald Trampyň öz sözi bilen aýdylanda "galp maglumatlara" hüjüm etmegine we žurnalistleri amerikan halkynyň "duşmany" diýip atlandyrmagyna jogap boldy.

"Boston Globe" gazeti tarapyndan guramalaşdyrylan bu çärä "New York Times" ýaly iri neşirler we has kiçi gazetler goşuldy. Olaryň käbiri Trampyň 2016-njy ýylda ýeňiş gazanan ştatlarynda ýerleşýär.

"Boston Globe" neşriniň 15-nji awgustda çap eden makalasynda Tramp "azat metbugata yzygiderli basyş etmekde" aýyplandy.

"Post-Dispatch" neşri žurnalistleri "iň hakykatçy patriotlar" diýip atlandyrdy.

"Chicago Sun-Times" Trampyň paýhassyz gepleýändigine amerikanlaryň köpüsi düşünýärler diýip ýazdy.

Neşirleriň çap eden maglumatlary metbugat azatlygy meselesinde Trampyň adyna tanymal şahslaryň eden tankytlarynyň yzýanyna gabat geldi.

XS
SM
MD
LG