Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Daşoguzda suwlardaky heläkçilik hadysalary artýar, çagalar mejbury zähmete çekilýär


"Gurtly kölde" suwa düşýän çagalar. 20-nji iýul, 2014. (Illýustrasiýa suraty)

Daşoguz welaýatynda adamlaryň suwa gark bolup, heläkçilige uçramagy ýaly betbagtçylykly hadysalar köpelýär. Şu tomus Görogly etrabynda 8 adam, olaryň bäşisi ýaş çaga, Saparmyrat Nyýazow etrabynda 6 çaga, Gubadag etrabynda 4 adam, Gurbansoltan eje etrabynda 3 adam ýapda suwa gark bolup heläk boldy diýip, Azatlygyň Daşoguzdaky habarçysy ýerli häkimiýetleriň hataryndaky ynamdar çeşmelerine salgylanyp 24-nji awgustda habar berdi.

“Ene-atalarynyň ünssüz galdyran 3-5 ýaş aralygyndaky çagalaryň hem suwa gark bolýan halatlaryna duşsa bolýar” diýip, habarçy belledi.

“Geçen ýekşenbe güni Boldumsaz şäheriniň bir ýaşaýjysy 4 ýaşly çagasyny ünsden düşürip garawsyz galdyrýar. Munuň netijesinde şol çaga krandan akan suwlaryň ýygnanan çuňlugy 1 metrlik çukuryna gaçyp heläk bolýar” diýip, habarçy betbagtçylyga uçran boldumsazlynyň anyk at familiýasy bilen Azatlyga maglumat berdi.

Ýöne redaksiýa howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli olaryň atlaryny agzamakdan saklanýar.

Şeýle-de habarçy Nyýazow etrabynda bolup geçen pajygaly bir wakany habar berdi.

“Nyýazow etrabynda dört sany ýaş çaga suwy çala çekilen kanalda tor bilen suw süzüp, balyk tutmakçy bolýar. Olar kanalda heläk bolýar” diýip, habarçy aýtdy.

Şol bir wagtyň özünde ol welaýatda çaga zähmetiniň ulanylýandygyny hem gürrüň berdi.

“Indi çagalary işletmegiň täze usuly peýda boldy” diýip, ol gürrüňe dowam etdi.

“3-nji 5-nji klas okuwçylar suw satýarlar. Olar esasan duralgalarda köpeldi. “Daýy, sowuk suw alaý-da!” diýip, ýalbaryp gazanç edýärler. Çagalar oba-hojalyk işlerine çekilýär; olar oba ýerlerinde gowaça otap, ýa-da onuň-munuň gapysynda günlükçi bolup gazanç edýärler” diýip, habarçy belledi.

Bular barada Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki köpçülikleýin habar serişdelerinde agzalmaýar.

Azatlygyň Daşoguzdan howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli efirde atsyz çykyş edýän habarçysy welaýatda suwa gark bolup heläk bolýan adamlar barada, hem-de regionyň çäginde çaga zähmetiniň ulanylmagy barada maglumat berenden soň, welaýatda ýaşy ýetginjek okuwçy gyzlaryň arasynda duş gelinýän wakalara ünsi çekdi.

“Ýokary klas okuwçylaryň arasynda ten söwdasyny edýän okuwçy gyzlaryň sany şu ýyl has-da köpeldi” diýip, habarçy ýerli häkimiýetleriň arasyndaky ynamdar çeşmesine salgylandy.

“Olar gündelik iýjegini tapsalar razy, ýagdaýlar gaty aýylganç” diýip, habarçy maglumaty jemledi.

Azatlyk bu hadysalary Daşoguz welaýatynyň häkimiýetlerine tassykladyp, ýa-da inkär etdirip bilmedi.

Halkara hukuk goraýjy guramalar türkmen hökümetini, hususan-da pagtaçylykda mejbury çaga zähmetinden peýdalanmakda tankyt edýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG