Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan pagta plany doldy diýýär, emma daýhanlar muňa ikuçly garaýar


Lebap welaýatynda alnan pagta hasyly
Lebap welaýatynda alnan pagta hasyly

Türkmen daýhanlarynyň ýurduň harmanyna 1 million 50 müň tonnadan gowrak pagta tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirendigi yglan edildi.

Şol bir wagtyň özünde, ýerli synçylaryň we pagtaçy daýhanlaryň ençemesi şu ýylky pagta hasylynyň pes bolandygyna we gowaça ýygymynyň haýal alnyp barylýandygynyň döwlet derejesinde boýun alnandygyna ünsi çekip, ýurtda pagta planynyň dolanyna şübheli garaýandyklaryny aýdýarlar.

Resmi metbugatyň 22-nji oktýabrda beren maglumatynda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ähli pagtaçylary, mehanizatorlary, oba senagat toplumynyň beýleki işgärlerini “nobatdaky zähmet ýeňişleri” bilen gutlandygy aýdyldy.

“Pagtaçy kärendeçileriň, mülkdarlaryň, kombaýnçylaryň, sürüjileriň, miraplaryň, alym-agronomlaryň we beýleki hünärmenleriň döredijilikli zähmeti netijesinde “Ak altyn” tabşyrmak baradaky döwlet borçnamasy doly ýerine ýetirildi” diýlip, habarda bellenilýär.

Ýatladyp geçsek, awgust aýynda pagta ýygymyna girişeli bäri prezident Gurbanguly Berdimuhamedow pagta ýygymynyň haýallygyna birnäçe gezek nägilelik bildirip, munuň sebäbini gowaça meýdanlaryna çykarylýan kombaýnlaryň sanynyň azlygy bilen baglanyşdyrypdy.

Şondan soň, Türkmenistanyň goňşy Özbegistandan 500 sany pagta ýygýan kombaýny satyn alandygy we onuň käbir daýhan birleşiklerine wagtlaýyn paýlanandygy habar berildi. Emma Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan daýhanlaryň ençemesi bu kombaýnlaryň aglabasynyň uly ýer eýelerine paýlanyp berlendigini gürrüň berdiler.

Bu aralykda, resmi metbugatda ýurtda obasenagat toplumyny özgertmek, ony dünýä bazarynda ýokary girdejili, bäsdeşlige ukyply pudaga öwürmek boýunça ägirt uly işleriň alnyp barylýandygy, şeýle-de daýhanlaryň öndürijilikli zähmeti, bol hasyl ýetişdirmekleri we doly derejeli durmuşy ugrunda ähli zerur şertleriň döredilýändigi aýdylýar.

Şol bir wagtda, Azatlygyň ýerli çeşmeleri bilen söhbetdeş bolan pagtaçy daýhanlaryň ençemesi bu şertler barada dilde aýdylýanam bolsa, olaryň iş ýüzünde amal edilmeýändigini aýdyp, döwlet tarapyndan tehnika, dökün, suw kömeginiň öz wagtynda berilmeýändigini, ýöne hasaplaşyk döwründe bular üçin alynýan tölegiň doly tutulýandygyny gürrüň berýärler.

Galyberse-de, olar ekinleriň suw, dökün bilen öz wagtynda üpjün edilmändigi, tehnika bilen ýeterlik derejede sürülmändigi sebäpli, hasylyň ýylyň-ýylyna pes bolýandygyny, hatda şu ýyl käbir daýhanlaryň 1 gektar ýerden 10 sentner pagta hasylyny hem alyp bilmändigini belleýärler.

“Döwlet derejesinde boýun alynmasa-da, pagta hasyly ýylyň-ýylyna peselýär. Şu ýyl daýhanlaryň köpüsi göz öňünde tutulan hasyly alyp bilmän, zyýan çekdiler. Käbirleri 1 gektardan 10 sentner hasylam alyp bilmediler. Daýhan birleşiklerindäki şu ýagdaýy öz gözüň bilen göreniňden soň, ýurtda pagta planynyň dolany gaty ikuçly” diýip, adynyň efirde agzalmazlygyny soran maryly pagtaçy daýhan Azatlygyň ýerli çeşmesine gürrüň berdi.

Galyberse-de, pagtaçy daýhanlaryň ençemesi döwlet tarapyndan berlen görkezme esasynda, 2016-njy ýyldan başlap özleriniň 1 kilogram pagta üçin ýygymçylara bermeli tölegleriniň 20 teňňeden 40 teňňä ýokarlandyrylandygyny aýdýarlar.

Emma şol bir wagtda, olar gowaçanyň döwlet tarapyndan kesgitlenen satyn alyş nyrhynyň indi ençeme ýyl bäri şol bir nyrhda saklanyp, ýokarlandyrylman gelýändiginden we özleriniň pagtany diňe döwlete satyp bilýändiginden nägile bolýarler.

Ýatladyp geçsek, Türkmenistan şu ýyl 545 müň gektar ýerden 1 million 50 müň tonna pagta öndürmegi planlaşdyrýardy we türkmen prezidenti pagta hasylyny ýurtda 27-nji oktýabrda bellenilýän Garaşsyzlyk gününe çenli tamamlamagy tabşyrypdy.

Türkmenistan halkara hukuk goraýjy guramalar tarapyndan pagtaçylykda mejbury zähmeti we çaga zähmetini ulanmakda tankyt edilýär. 2016-njy ýylyň maý aýynda “Adidas”, “Espirit”, “H&M”, “IKEA” ýaly dünýäniň belli söwda brendleriniň, sermaýaçylarynyň, biznes jemgyýetleriniň, kärdeşler arkalaşyklarynyň we adam hukuklaryny goraýjy toparlaryň 60 çemesi wekili Türkmenistanyň gowaça meýdanlarynda mejbury zähmete ýol berilýändigine aladalanma bildirip, Berdimuhamedowyň adyna ýörite hat ýollapdylar we bu meselä üns bermegi talap edipdiler.

XS
SM
MD
LG