Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebapda käbir mekdeplerde täze okuw ýylyna taýýarlyk üçin ene-atalardan pul talap edilýär


Ene-gyz. Arhiwden alnan surat
Ene-gyz. Arhiwden alnan surat

Lebap welaýatynyň Atamyrat, Çärjew, Halaç etrabynyň käbir mekdeplerinde täze okuw ýylyna görüljek taýýarlyklar üçin okuwçylardan pul talap edilýändigi öňe sürülýär.

Anonim ýagdaýda Azatlyk Radiosy bilen habarlaşan şol etraplarda ýaşaýan käbir maşgalalaryň we hut mekdep işgärleriniň aýtmagyna görä, gyz çagalaryň mekdep eşigi, okuwçylaryň düşmeli ýadygärlik suraty, prezidentiň çalyşylmaly portreti, prezident partalary, saglyk otagy ýaly taýýarlyklar üçin ene-atalardan pul soralýar we munuň hiç ýerde aýdylmazlygy soralýar.

Okuwa ýaňy başlaýan gyz çagalaryň formalarynyň mekdepleriň öz tikinçilerine tikdirilmegi talap edilýär. Her klas üçin aýratyn ýaka tikilmeli. Başga ýerde tikdirilen köýnekleri mekdepde geýmek bolanok. Başlangyç klasda geýilmegi ýakaly köýnegiň bahasy 100 manat. Ýokary klaslaryňky hem şol bahadan galyp gidýär.

Mekdepde 5-nji klasa çenli bolan gyzlaryň köýnegi ýaşyl matadan tikilmeli. Gyz okuwçylar şeýle köýnegi aşagynda keşdeli balak görüner ýaly edip, iki örüm saçly okuwa barmaly.

Ene-atalaryň we mekdep işgärleriniň aýtmagyna görä, täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli okuwçylar bilen düşüriljek ýadygärlik suratyň pulynyň hem öňünden tölenmegi talap edilýär. Suratlaryň puly iň pesi 30 manatdan başlap, ýokary klaslaryň aýratynlygyna görä 50-60 manada çenli çykýar. Ýöne suratlaryň taýýarlanyşyna görä has hem gymmada düşýän wagty hem bolýar.

Mekdeplerde her klasda okuw ýylynyň başynda prezidentiň täze portreti asylmaly. Soň ol her 2 aýdan diýen ýaly täzelenip durmaly. Onuň çykdaýjysyny tutuş klas bolup tölemeli. Iň arzan bahasy 320-350 manat töwereginde bolýar. Klas ýolbaşçylary okuwçylardan ene-atalaryň pul goşup almagyny talap edýärler.

Täze düzülen okuw maksatnamasyna görä, her klasda iň öňdäki partalar ýaşyl mata bilen ýapylyp “Prezident partasy” bolmaly edilen. Şeýle-de ýanynda döwlet baýdagy bilen prezidentiň suratlary bilen bezelen uly kalendar goýulmaly. Onuň çykdaýjysyny hem ene-atalar çekmeli. Ýaşyl matanyň her metriniň bahasy 20-25 manat. Her parta azyndan 2 metr gerek we her klasda hem 3 parta bolýar. Prezident partalarynda diňe ökde okuwçylar oturmaly diýilýän hem bolsa, öňe sürülişine görä, köplenç olarda emeldarlaryň çagalary oturdylýar. Klasda 3 ýyllap “Prezident partada” oturan okuwçylaryň bahalary ýylyň ahyrynda bir bal ýokarlandyrylýar ýagny üçlik dörtlüge, dörtlük hem bäşlige çykarylar.

“Mekdeplerde indi täze okuw ýylynda owalkylar ýaly ýörite saglygy saklaýyş işgäri bolmaz diýdiler. Şonuň üçin hem okuwçylar syrkawlan mahaly onuň bejergisini ene-atalary öz boýnuna almaly bolar. Muny kabul etmeýän ene-atalar bolsa mekdepdäki saglyk otagy üçin elinden gelen goşandy goşmaly bolar. Meselem, islän adam derman, sanjym ýaly medisina serişdelerini getirip biler ýa-da pul berer. Pul berjeklere iň azyndan adam başyna 15-20 manat bolmaly edilen” diýip, özüni Mahtuba diýip tanadan, Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň Çagalar we ýetginjekler mekdebiniň owalky işgäri Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Sözi jemlesek ähli synanşyga garamazdan, Lebap welaýatynyň käbir mekdeplerinde täze okuw ýylyna görüljek taýýarlyklar üçin okuwçylardan pul talap edilýändigi barada degişli resmileriň garaýşyny öwrenmek Azatlyk Radiosyna başartmady.

XS
SM
MD
LG