Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daniýada Muhammet pygamberiň karikaturalarynyň konkursy ýatyryldy


U.K. -- Dutch far-right PVV party leader Geert Wilders speaks at a gathering of supporters of British far-right spokesman Tommy Robinson in central London, June 09, 2018
U.K. -- Dutch far-right PVV party leader Geert Wilders speaks at a gathering of supporters of British far-right spokesman Tommy Robinson in central London, June 09, 2018

Daniýaly kanun çykaryjy Geert Wilders Pakistanda dörän köpçülikleýin protestler sebäpli Muhammet pygamberiň karikaturasy boýunça öň yglan eden konkursyny ýatyrdy.

Wilders özüne ölüm haýbatynyň edilmeginden soň 30-njy awgustda eden çykyşynda, "adamlaryň yslamçylaryň pidasy bolmagynyň öňüni almak üçin" öz planlaryny ýatyrmak kararyna gelendigini aýtdy.

"Adamlaryň howpsuzlygy has möhümdir" diýip, 54 ýaşly Wilders Facebookda ýazdy.

Hudaýyň ýa-da pygamberiň gowy manyda hem şekillendirilmegi yslam dininde dil ýetirmek hasaplanylýar we gadagan edilýär.

Pakistanda şeýle hereketler ölüm jezasyny göz öňünde tutýar we köpçüligiň nägileligi jezanyň ýerine ýetirilmegine esas bolup bilýär. Pakistanda 10 müň adamyň gatnaşmagyndaky köçe protestleriniň guramaçylary Yslamabady Niderlandrlar bilen diplomatik gatnaşyklary ýatyrmaga çagyrdylar. Pakistanyň kanun çykaryjylary bu çagyryşlary ret etdiler, Yslamabadyň diplomatik bölegini gaharly protestçilerden goramak işine müňlerçe harby çekildi.

Reuters agentliginiň maglumatyna görä, Wildersyň karikatura konkursyny ýatyrýandygyny yglan etmeginiň öňüsyrasynda owgan "Talybanynyň" Owganystanyň harbylaryny NATO-nyň missiýasynyň düzümindäki gollandiýaly harbylara hüjüm etmäge çagyrandygyny habar berdi.

XS
SM
MD
LG