Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Basrada azyndan bäş protestçi öldürildi


Basrada öldürilen protestçiniň jynazasy geçýär. 4-nji sentýabr, 2018 ý.

Yragyň günortasyndaky Basra şäherinde iki gün bäri dowam edýän protestleriň dowamynda demonstrantlaryň howpsuzlyk güýçleri bilen çaknyşmagy netijesinde azyndan bäş protestçi öldi, 16-sy hem ýaralandy.

Resmiler çaknyşykda howpsuzlyk güýçleriniň hataryndan hem azyndan 14 adamyň ýaralanandygyny aýtdylar. Sişenbe güni demonstrantlar hökümet binalaryna ýangyç bombalaryny we daş böleklerini zyňdylar.

Hökümetiň Adam hukuklary boýunça Geňeşiniň Basra boýunça ýolbaşçysy Mehdi al-Tamimi howpsuzlyk güýçleriniň “protestçilere ot açandygyny” aýtdy.

Mundan öň, premýer-ministr Haýdar al-Abadi 3-nji sentýabrda demonstrantyň öldürilmegi bilen baglylykda derňewiň başladylandygyny mälim etdi.

Ýerli ýaşaýjylar sebitdäki korrupsiýanyň derejesine we möhüm azyk önümleriniň ýetmezçiligine garşy protest geçirýärler.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG