Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus resmileri Google-y saýlawlara “gatyşmazlyga” çagyrdy


Alekseý Nawalny
Alekseý Nawalny

Rus resmileri ABŞ-nyň internet läheňi Google-a ýüzlenip, Kremliň tankytçysy Alekseý Nawalnynyň protestlere çagyrýan wideolaryny YouTube saýtynda ýerleşdirip, şu hepdäniň aýagynda geçmeli ýerli saýlawlara “gatyşmazlygyny” sorandyklaryny aýtdylar.

Russiýanyň Federal Geňeşinde saýlaw resmileri, Baş prokuraturanyň we internet gözegçilik edarasynyň wekilleri duşuşyp, YouTube saýtynyň eýesi Google-a öz nägileliklerini bildirdiler.

Resmiler Nawalnynyň YouTube-da Russiýada “bikanun” diýilýän maglumatlary ýerleşdirýändigini öňe sürdüler. Şeýle-de, rus resmileri Google munuň öňüni almasa, onuň jogapkärçilige çekilip bilinjekdigini hem duýdurdylar.

Nawalny özüniň YouTube kanalynda 9-njy sentýabrda pensiýa reformalaryna garşy proteste çykmaga çagyrdy. Şol gün Moskwada we ýurduň beýleki sebitlerinde regional we ýerli emeldarlar saýlanmaly.

XS
SM
MD
LG