Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Azeri we hökümetçi türkmen metbugaty Trans-Hazar barada çekişýär


Illýustrasiýa suraty: desselenen gazet-žurnallar we olaryň öňünde harplary ulaldyjy enjam görkezilýär

Media maglumatlarynda gaz bazary gyzyşýar.

30-njy awgustda “Sputnik – Azerbaýjan” neşiriniň Analitika bölüminde Fuat Alizada diýilýän azerbaýjanly bir žurnalistiň awtorlygynda “Turba meselesi: Azerbaýjan Türkmenistanyň deregine töleg tölemekçi däl” ady bilen makala çap edildi.

Türkmenistandan hökümete ýakyn habarlary neşir edýän “Media-Turkmen” habar agentligi, orient.tm saýtynda 3-nji sentýabrda azerbaýjanly žurnalistiň makalasyna gaýtawul berdi. Onda Nury Amanowyň adyndan “Aşgabat, hususan-da gazgeçiriji meselelerinde [hiç kimden] haýyr-sahawata garaşmaýar” diýlen sözbaşy bilen syn äheňli maglumat ýaýradyldy.

Gepiň gerdişine aýdylsa, awgust aýynda Hazarýaka döwletleriniň baştutanlarynyň Kaspiniň hukuk derejesini kesgitleýän Konwensiýa gol çekmegi bilen, Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda Hazaryň üstünden çekilmegi meýilleşdirilýän Trans-Hazar gazgeçirijisiniň gurluşygy baradaky gürrüňler dürli metbugat serişdelerinde üns merkezine çekildi. Onuň üsti bilen türkmen gazyny Azerbaýjana, ondan aňryk Ýewropa akdyrmak göz öňünde tutulýar.

Ýöne, türkmen resmileri bu taslama barada henize çenli jemgyýetçiligiň öňünde dymyp gelýär.

“Azerbaýjan 2020-nji ýyla çenli Günorta gaz koridorynyň ugry bilen Ýewropa Bileleşigine girýän döwletlerdäki sarp edijilere gaz akdyrmak üçin, 11.5 milliarda golaý çykdajy eder. Azeri häkimiýetleri türkmen gazyny akdyrjak Trans-Hazar geçirijisiniň gurluşygyna goşmaça çykdajy etmezler” diýip, “Sputnik-Azerbaýjan” ýazýar.

“Birinjilik bilen Türkmenistan, galyberse-de dünýäde hiç kim gaz söwdasynda Azerbaýjandan haýyr-sahawata garaşmaýar” diýip, “Media-Türkmen” agentliginiň makalasynda “Sputnik-Azerbaýjana” jogap gaýtarylýar.

25-nji awgustda Germaniýanyň kansleri Merkeliň Azerbaýjana eden saparynda prezident Aliýew bilen eden gepleşikleriniň yzýany geçirilen metbugat ýygnagynda azeri lideri Trans-Hazar taslamasyna degip geçdi:

“Trans-Kaspi geçirijisi babatda, üstaşyr döwletlerden-de has beter, gaza eýeçilik edýän tarap has içgin gyzyklanma bildirmeli. Bu meselede tranzit döwletler inisiatiwa bilen çykyş etmezler” diýip, Aliýewiň sözleri metbugat sahypalarynda getirildi. “Sputnik Azerbaýjan” hem bu sözlere salgylanýar.

“Media-Türkmen” bolsa, hamala, bu sözlere-de jogap gaýtarýar:

“Türkmen tebigy gazyny eksport etmegiň meseleleri, hemmelerden has içgin Aşgabady has köp gyzyklandyrýan bolmaly. Türkmen tarapy türkmen gazynyň ykbalyny çözmegi hiç kimden haýyş eden däldir” diýip, hökümetçi neşir ýazýar.

“Bu taslama gatnaşýan beýleki döwletleriň ählisi özleriniň söwda bähbitleri üçin gatnaşýarlar. Bähbit bar – goşul, bähbit ýok – işiň bilen bol!” diýip, Amanow diýilýäniň awtorlygyndaky makala kükreýär.

“Resmi Aşgabadyň syýasatynyň bir geň tarapy bar, ýagny olar öz gazyny diňe öz serhedine çenli çykaryp berýär” diýip, “Sputnik Azerbaýjan” gürrüň dowam edýär, hem-de serhetden aňry “mawy ýangyjy” satyn aljak potensial müşderileriň özleriniň geçiriji çekmeli bolýandygyny öňe sürýär.

“Media-Türkmen” muňa-da jogap gaýtaryp, munuň beýle däldigini, bu mesele bilen bagly hemme zadyň sada hem aýdyňdygyny düşündirmäge synanyşýar.

Azeri žurnalisti Hazar Konwensiýasyna gol çekilmegi bilen Trans-Hazaryň öňündäki päsgelçilikleriň aradan aýrylandygyny, indi bu taslamany maliýeleşdirmek boýunça meseläniň “Türkmenistanyň geçiriji babatda göwünli-göwünsiz ýolbaşçylaryna” baglydygyny ýazýar.

Türkmen awtory Türkmenistanyň tebigy gaz gorlary boýunça dünýäde dördünji orundadygyny ýatladýar.

British Petroleumyň (BP) 2018-nji ýylda ýaýradan Bütindünýä energiýa hasabatynda aýdylmagyna görä, Türkmenistanyň gaz gorlarynyň jemi 19.5 trillion kub metre barabar bolup, bu görkeziji dünýäniň jemi gaz gorlarynyň 10.1 %-ni düzýär.

Ýöne Türkmenistan gaz ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmakda dürli päsgelçiliklere uçraýar. Ol öz gazyny häzirki wagtda diňe Hytaýa eksport edýär.

Galyberse-de, SSSR dargaly bäri Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda türkmenleriň “Serdar”, azeri tarapynyň “Kepez” atlandyrýan ýangyç ýatagyny bölüşmek barada toprak dawasy dowam edip gelýärdi. Bu dawanyň çözgüdi Hazaryň düýbüniň bölüşilmegine bagly diýlip hasaplanylýardy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG